Wagyz kitaby Chapter 5

For English

Read Wagyz kitaby Chapter 5 Online

Read Wagyz kitaby Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Wagyz kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Wagyz kitaby and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Wagyz kitaby 5

Bap 5

1. Hiç haçan alňasaklyk bilen gepleme, Hudaýyň huzurynda ýürek sözüni aýtmaga howlukma; çünki Hudaý gökdedir, sen ýerdesiň. Şonuň üçin az sözle.

2. Düýşüň gaýgy-aladanyň köpdügi üçin gelşi ýaly, samsyk gep-de, köp sözlülikden gelýändir.

3. Hudaýa aýdylan hudaýýolyňy gijikdirme. Çünki Hudaý akylzyslardan hoşal däldir; wadaňy berjaý et.

4. Wada bermezlik wada berip, ony berjaý etmezlikden ýagşydyr.

5. Diliň saňa günä etdirmesin; Hudaýyň ilçisiniň öňünde: «Wadam säwlik» diýme. Näme üçin Hudaý seniň sözüňe gaharlanyp, elleriňiň işini ýok etsin?

6. Köp hyýallylyk we boş sözler biderekdir; sen Hudaýdan gork.

7. Eger ýurtda garyplaryň ezilişini, adalatyň we dogrulygyň bozulyşyny görseň, muňa haýran galma; çünki her ýokary wezipeliniň üstünden özünden ýokary baştutan goýulýar we olaryň üstünde özlerinden ýokary bolanlar bar.

8. Hemmeler ekin meýdandan peýda görýär, hatda patyşa hem ondan girdeji alýar.

9. Puly söýýän, puldan doýmaz, baýlygy söýýän-de, gazançdan. Bu-da biderek.

10. Harytlar köpelende, ony iýýänler-de köpelýändir; gözleri bilen görmekden başga eýesine ondan näme haýyr bar?

11. Az iýse-de, köp iýse-de, zähmetkeşiň ukusy süýjüdir. Emma baýyň baýlygy ony ukudan saklar.

12. Günüň astynda bir erbet dert gördüm: toplanan baýlyk eýesine zelel getirdi.

13. Baýlyk betbagtçylyk bilen ýok bolup gitdi. Çagalary bolsa-da, olara bermäge hiç zat galmaz.

14. Enesinden nähili doglan bolsa, bu dünýäden şeýle-de gider. Zähmetinden hiç bir zady elinde göterip, özi bilen äkidip bilmez.

15. Bu-da bir erbet dertdir: nähili gelen bolsa, şeýle-de gider. Boş ýere çeken zähmetiniň oňa näme haýry bar?

16. Ömürboýy çöregini garaňkylyk, gaýgy-gussalyk, hassalyk we gazap içinde iýýändir.

17. Ine, meniň görenim şudur: ynsana iýip-içip, Hudaýyň özüne beren gysga ömrüniň içinde Günüň astynda çekýän bütin zähmetinden lezzet almak ýaramlydyr; çünki bu onuň takdyrydyr.

18. Şeýle hem Hudaý bir adama baýlyk, mal-mülk berip, oňa bulardan lezzet almaga, takdyryna kaýyl bolup, öz zähmetinden lezzet almaga kuwwat beren bolsa, bu Hudaýyň peşgeşidir.

19. Ynsan ömrüniň günlerini köp ýatlamaz, çünki Hudaý onuň kalbyny şatlyk bilen eýeleýär.

About Wagyz kitaby Chapter 5

Read Wagyz kitaby Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Wagyz kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Wagyz kitaby
Chapter: 5
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Wagyz kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Wagyz kitaby Chapter 5 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Wagyz kitaby Chapter 5?

Wagyz kitaby Chapter 5 is part of the Book of Wagyz kitaby in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Wagyz kitaby Chapter 5 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Eýýup Chapter 5
  6. Zebur Chapter 9
  7. Gelip çykyş Chapter 18

Explore More from wagyz-kitaby

  1. Wagyz kitaby Chapter 1
  2. Wagyz kitaby Chapter 11
  3. Wagyz kitaby Chapter 4
  4. Wagyz kitaby Chapter 12
  5. Wagyz kitaby Chapter 9
  6. Wagyz kitaby Chapter 10
  7. Wagyz kitaby Chapter 8

Related Chapters & Readings

  1. Ýermeýa Chapter 45
  2. Gelip çykyş Chapter 32
  3. Lewiler kitaby Chapter 19
  4. Işaýa Chapter 25
  5. Hagaý Chapter 1
  6. Ýunus Chapter 3
  7. Çölde Chapter 4
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *