Read Ýermeýa Chapter 38 Online
Read Ýermeýa Chapter 38 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýermeýa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Ýermeýa 38
Bap 38
1. Mattanyň ogly Şepatýa, Paşhuryň ogly Gedalýa, Şelemýanyň ogly Ýehukal we Malkyýanyň ogly Paşhur Ýermeýanyň ähli halka aýdan bu sözlerini eşitdiler:
2. «Reb şeýle diýýär: „Bu şäherde galan adam gylyçdan, açlykdan we mergiden öler, emma babyllylaryň tarapyna geçen adam diri galar, öz janyny gutaryp aman galar“.
3. Reb şeýle diýýär: „Bu şäher, elbetde, Babyl patyşasynyň goşunynyň eline berler, ol ony basyp alar“».
4. Munuň üçin ýolbaşçylar patyşa şeýle diýdiler: «Bu adam öldürilsin, sebäbi ol şeýle sözleri aýdyp, bu şäherde aman galan urşujylar bilen ähli halky ruhdan düşürýär. Çünki bu adam bu halka ýagşylyk däl-de, ýamanlyk isleýär».
5. Sidkiýa patyşa: «Ine, ol siziň eliňizde, patyşa size garşy hiç bir zat edip bilmez» diýdi.
6. Onsoň Ýermeýany tutup, patyşanyň ogly Malkyýanyň gurruk guýysyna taşladylar, ol guýy garawullaryň howlusynda ýerleşýärdi. Ony tanap bilen aşak salladylar. Guýyda suw ýokdy, diňe läbik bardy. Ýermeýa läbige batdy.
7. Patyşanyň efiopiýaly köşk emeldary Ebetmelek Ýermeýanyň guýa taşlananyny eşitdi. Şol wagt patyşa Benýamin derwezesinde otyrdy.
8. Ebetmelek patyşanyň köşgünden çykyp, patyşa ýüzlenip:
9. «Eý, jenabym patyşa! Bu adamlar Ýermeýa pygamberi guýa taşlap pislik etdiler. Ol açlykdan öler, sebäbi indi şäherde çörek ýok» diýdi.
10. Onsoň patyşa efiopiýaly Ebetmelege: «Ýanyňa otuz adam al-da, Ýermeýa pygamber ölmänkä, ony guýudan çykar» diýip buýruk berdi.
11. Şeýlelikde, Ebetmelek adamlary ýanyna alyp, patyşanyň köşgündäki ýerzemine girdi we ol ýerden ýyrtyk eginbaşlary, köne-söne esgileri aldy. Olary tanap bilen guýynyň içine – Ýermeýa sallady.
12. Efiopiýaly Ebetmelek Ýermeýa: «Indi ýyrtyk eginbaşlar bilen esgileri goltugyňyň aşagyna goý-da, tanapy geçir» diýdi. Ýermeýa-da aýdylyşy ýaly etdi.
13. Şeýdip, Ýermeýany tanap bilen çekip, guýudan çykardylar. Ýermeýa garawulhanada galdy.
14. Onsoň Sidkiýa patyşa adam iberip, Ýermeýa pygamberi Rebbiň öýüniň üçünji girelgesine getirtdi. Patyşa Ýermeýa: «Men senden bir zat sorajak, ýöne menden hiç zady gizleme» diýdi.
15. Ýermeýa Sidkiýa: «Eger saňa aýtsam, meni öldürersiň. Eger-de saňa maslahat bersem, meni diňlemersiň» diýdi.
16. Sidkiýa patyşa gizlinlikde ant içip, Ýermeýa: «Bize bu jany beren diri Rebden ant içýärin, seni öldürmerin we janyňyň kastyna çykanlaryň eline seni bermerin» diýdi.
17. Onsoň Ýermeýa Sidkiýa şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eger Babyl patyşasynyň ýolbaşçylarynyň ýanyna barsaň, janyň diri galar we bu şäher oda ýakylmaz, öý-içeriň bilen bile diri galarsyň.
18. Emma Babyl patyşasynyň ýolbaşçylarynyň ýanyna barmasaň, bu şäher babyllylaryň eline berler. Olar ony ýakarlar, sen-de olaryň elinden gaçyp gutulmarsyň“».
19. Sidkiýa patyşa Ýermeýa: «Men babyllylaryň tarapyna geçen ýahudalaryň eline berlerin, olar maňa azar bererler diýip gorkýaryn» diýdi.
20. Ýermeýa şeýle diýdi: «Eline bermezler. Özüňe aýdan zatlarym babatda sen Rebbe gulak goý ahyry. Şonda özüň üçin ýagşy bolar, diri galarsyň.
21. Emma boýun egmeseň, Reb maňa şuny görkezdi:
22. Ine, Ýahuda patyşasynyň köşgünde galan ähli aýallar Babyl patyşasynyň ýolbaşçylaryna getiriler. Ol aýallar saňa: „Ynamdar dostlaň seni aldawa saldy, olar seni ýeňlişe sezewar etdi; batga batdy seniň aýaklaryň, ynamdarlaň senden gaçyp gitdi“.
23. Seniň ähli aýallaryň bilen ogullaryňy babyllylaryň eline bererler. Sen olaryň elinden gaçyp gutulmarsyň, Babyl patyşasynyň eline düşersiň. Bu şäher bolsa oda ýakylar».
24. Onsoň Sidkiýa Ýermeýa şeýle diýdi: «Bu gürrüňimizi hiç kim bilmesin, ýogsam ölersiň.
25. Eger ýolbaşçylar meniň seniň bilen gepleşendigimi eşidip, ýanyňa gelip: „Patyşa bilen araňyzda näme gürrüň bolan bolsa, hiç zady ýaşyrman bize aýdyp ber, ýogsam seniň ýoguňa ýanarys“ diýseler,
26. olara: „Meni yzyma Ýonatanyň öýüne iberme, ýogsam men ol ýerde ölerin diýip patyşa ýalbardym“ diýip aýt».
27. Onsoň ähli ýolbaşçylar Ýermeýanyň ýanyna gelip, ony sorag etdiler. Ol hem patyşanyň buýran sözlerine görä jogap berdi. Edilen gürrüň bilinmän galansoň, olar oňa hiç zat diýmediler.
28. Ýermeýa Iýerusalimiň basylyp alnan gününe çenli garawulhanada galdy.
About Ýermeýa Chapter 38
Read Ýermeýa Chapter 38 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Ýermeýa
Chapter: 38
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýermeýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Ýermeýa Chapter 38 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Ýermeýa Chapter 38?
Ýermeýa Chapter 38 is part of the Book of Ýermeýa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Ýermeýa Chapter 38 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 9
- Gelip çykyş Chapter 18
Explore More from ýermeýa
- Ýermeýa Chapter 2
- Ýermeýa Chapter 4
- Ýermeýa Chapter 9
- Ýermeýa Chapter 24
- Ýermeýa Chapter 16
- Ýermeýa Chapter 22
- Ýermeýa Chapter 49