Ýermeýa Chapter 1

For English

Read Ýermeýa Chapter 1 Online

Read Ýermeýa Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýermeýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýermeýa 1

Bap 1

1. Bular benýamin topragyndaky Anatot obasynda ýaşaýan ruhanylaryň biri bolan Hilkiýanyň ogly Ýermeýanyň sözleridir.

2. Amon ogly Ýoşyýanyň Ýahudada patyşalygynyň on üçünji ýylynda Ýermeýa Rebbiň sözi geldi.

3. Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň döwründen, onuň beýleki ogly Sidkiýanyň şalygynyň on birinji ýylynyň bäşinji aýyna çenli, ýagny Iýerusalim halkynyň ýesir edilip äkidilen wagtyna çenli Ýermeýa Rebbiň sözüniň gelmegi dowam etdi.

4. Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

5. «Men seni eneňiň göwresinde şekil bermezimden öň tanadym. Eneden dogulmazyňdan öň seni Özüme bagyş etdim, milletlere pygamber belledim».

6. Şonda men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men düzüwli geplemäni-de oňaramok. Men entek ýaş oglan ahyry» diýdim.

7. Emma Reb maňa şeýle diýdi: «Sen özüňe ýaş oglan diýme. Kimiň ýanyna ibersem, gidersiň; näme buýursam, şony aýdarsyň.

8. Olardan gorkma, seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr.

9. Soňra Reb elini uzadyp, agzyma degirdi we maňa şeýle diýdi: «Ine, Men sözlerimi seniň agzyňa saldym.

10. Bu gün Men saňa milletleri hem şalyklary sogrup taşlamagy we ýykmagy, ýok etmegi we ýer bilen ýegsan etmegi, gurmagy we bina etmegi tabşyrýaryn».

11. Maňa Rebbiň sözi geldi. Ol: «Ýermeýa, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Badam agajynyň şahasyny görýärin» diýdim.

12. Onsoň Reb maňa: «Dogry gördüň, çünki Men her bir sözümiň amala aşmagyna gözegçilik edýärin» diýdi.

13. Maňa ýene Rebbiň sözi gelip, Ol: «Näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Demirgazykda biz tarapa gyşaryp gaýnap duran gazany görýärin» diýip jogap berdim.

14. Reb maňa şeýle diýdi: «Ýurduň ähli ilatynyň üstüne demirgazykdan betbagtlyk iner.

15. Ine, Men demirgazykdaky ähli milletleri çagyrýaryn, muny Reb aýdýar. Olaryň patyşalarynyň ählisi gelip, özleriniň tagtyny Iýerusalim derwezeleriniň girelgesinde, onuň daş-töweregindäki diwarlarynyň we Ýahudanyň ähli şäherleriniň garşysynda gurarlar.

16. Olaryň Menden ýüz öwrüp eden ähli pislikleri üçin, başga hudaýlara sadakalar berip, öz elleriniň ýasan işlerine sežde edendikleri üçin, Men olaryň garşysyna Öz hökümimi yglan ederin.

17. Emma sen welin, biliňi berk guşa. Tur-da, buýurýan ähli zatlarymy olara aýt. Olardan gorkma, ýogsam Men-de seni olaryň gözüniň alnynda gorka salaryn.

18. Ine, bu gün Men seni tutuş ýurduň garşysyna – Ýahuda patyşalaryna, onuň ýolbaşçylaryna, ruhanylaryna, ýurduň halkyna garşy berk gala, demir sütün we bürünç diwar etdim.

19. Olar seniň garşyňa söweşerler, emma senden üstün çykmazlar. Çünki seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin. Muny Reb aýdýandyr».

About Ýermeýa Chapter 1

Read Ýermeýa Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýermeýa
Chapter: 1
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýermeýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýermeýa Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýermeýa Chapter 1?

Ýermeýa Chapter 1 is part of the Book of Ýermeýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýermeýa Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Zebur Chapter 9
  6. Eýýup Chapter 5
  7. Zebur Chapter 74

Explore More from ýermeýa

  1. Ýermeýa Chapter 28
  2. Ýermeýa Chapter 34
  3. Ýermeýa Chapter 33
  4. Ýermeýa Chapter 25
  5. Ýermeýa Chapter 51
  6. Ýermeýa Chapter 16
  7. Ýermeýa Chapter 15

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 95
  2. Resullaryň Işleri Chapter 23
  3. Ester Chapter 3
  4. Eýýup Chapter 41
  5. 1 Şamuwel Chapter 2
  6. Koloselilere haty Chapter 1
  7. Hagaý Chapter 1
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *