Read Işaýa Chapter 50 Online
Read Işaýa Chapter 50 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Işaýa 50
Bap 50
1. Reb şeýle diýýär: «Ejeňiz talak zerarly gitdimi? Eýsem bergidar bolup satdymmy sizi? Ine, siz öz etmişleriňiz sebapli satyldyňyz, siziň ýazyklaryňyz zerarly ejeňiz kowuldy.
2. Näme üçin gelenimde, hiç kim ýokdy? Näme üçin çagyranymda, hiç kim jogap bermedi? Sizi azat etmäge gysgamy golum? Ýa sizi halas etmäge Mende güýç ýokmy? Öz käýinjim bilen deňzi guradýaryn, derýalary çöle öwürýärin; balyklar suwsuzlykdan porsaýar, teşnelikden ölýärler.
3. Göklere gara geýdirýärin, july olaryň örtgüsi edýärin».
4. Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly Hökmürowan Reb maňa dana dil berdi. Ol dana adamlar deý diňlesin diýip, gulagymy oýarýar her säher.
5. Hökmürowan Reb gulagymy açdy, men garşy çykmadym, yza çekilmedim.
6. Özümi urýanlara arkamy, sakgalymy ütýänlere ýaňagymy tutdum; masgaralanmakdan, tüýkürmeden ýüzümi gizlemedim.
7. Hökmürowan Rebbiň maňa ýardam berendigi üçin, men utanja galmadym, ýüzümi çakmakdaşy deý etdim, men utandyrylmajagymy bilýärin.
8. Meni aklajak ýakynymdadyr, meniň bilen dawalaşjak kim? Geliň, ýüzleşeliň. Günäkärleýjim kim meniň? Goý, ýanyma gelsin!
9. Maňa ýardam edýän Hökmürowan Rebdir, Kim meni günäli çykarjak? Olaryň ählisi geýim deý köneler, olara güýe deger.
10. Siziň araňyzda Rebden gorkup, Onuň gulunyň sözüne gulak asýan barmy? Garaňkylykda gezýän, yşygy bolmadyk, Rebbiň adyna bil baglap, Hudaýyna daýansyn.
11. Emma ot ýakyp, alawly oklar guşanan siziň hemmäňiz öz oduňyzyň yşygynda, ýakan alawly oklaryňyzyň arasynda geziň! Meniň elimden başyňyza geljek şudur: siz azap içinde ýatarsyňyz.
About Işaýa Chapter 50
Read Işaýa Chapter 50 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Işaýa
Chapter: 50
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Işaýa Chapter 50 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Işaýa Chapter 50?
Işaýa Chapter 50 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 50 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Isaya
- Isaya Chapter 1
- Isaya Chapter 2
- Isaya Chapter 6
- Isaya Chapter 14
- Isaya Chapter 3
- Isaya Chapter 7
- Isaya Chapter 8
Explore More from Köne Äht
- Çölde Chapter 16
- Ezekiýel Chapter 10
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 29
- Müsürden çykyş Chapter 6
- Ezekiýel Chapter 47
- Wagyz kitaby Chapter 3
- 2 Şamuwel Chapter 10