Read Habakuk Chapter 2 Online
Read Habakuk Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Habakuk in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Habakuk and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Habakuk 2
Bap 2
1. Gözegçilik edýän ýerimde duraryn, Diňiň üstüne çykaryn, Rebbiň maňa näme diýjegini bileýin, Şikaýatyma näme jogap berjegini göreýin.
2. Reb maňa şeýle jogap berdi: «Aýanlygy ýaz, Habarçy bir nazarda okar ýaly Ony düşnükli hem aýdyň edip ýaz.
3. Aýanlyk bellenen wagt üçindir, Ol kyýamat barada aýdýar, bu ýalan däl, Haýal bolsa-da, sen oňa garaş, Ol wagt hökman geler, eglenmez.
4. Sered-ä olaryň tekepbirligine! Olaryň niýeti betpäl, Emma dogruçyl iman bilen ýaşar».
5. Tekepbirler şerap deý hilegärdirler, Olarda ynjalyk bolmaz, Ölüler dünýäsi ýaly açgözdürler, Doýmazlar asla ölüm ýaly. Bütin milletleri ýanlaryna toplap, Ähli halklary basyp alýarlar olar.
6. Ýesirler olary ýaňsylap diýýärler: «Ogurlanan zatlary toplaýanyň dat gününe! Haçana çenli agyr girewleri öz üstüňe aljak?».
7. Algydarlaryňyz bir gün duýdansyz peýda bolup, Oýanyp, sizi gorkudan titretmezlermi? Onsoň siz olara olja bolarsyňyz.
8. Köp milletleri talandygyňyz üçin, Ynsanlaryň ganyny döküp, Ýurda, şäherlere we ilatyna sütem edendigiňiz üçin, Halklaryň aman galanlary sizi talarlar.
9. Öýüni haram gazanç bilen doldurýanyň, Betbagtlyk penjesinden gaçmak üçin, Öýüni belentlikde gurýanyň dat gününe!
10. Köp halklaryň soňuna çykmak bilen Öz öýüňizi utanja goýduňyz, Janyňyzdan mahrum bolduňyz.
11. Hatda diwar daşlary bu barada gygyrarlar, Agaç pürsi jogap berer.
12. Gan döküp, şäher guranyň, Adalatsyzlyk bilen galanyň düýbüni tutanyň Dat gününe!
13. Halklaryň çeken zähmetiniň biderek bolmagy, Milletleriň özlerini biderek kösemegi Bu Hökmürowan Rebbiň işi dälmidir?
14. Suwlaryň deňzi dolduryşy deýin, Bütin ýer ýüzi-de, Rebbiň şöhraty hakyndaky bilimden dolar.
15. Ýalaňaçlygyna tomaşa etjek bolup, Goňşularyny şerapdan serhoş edýänleriň dat gününe!
16. Şan-şöhratyňyz utanja öwrüler, Indi siz hem içip, serhoş ýörersiňiz, Reb size sag elindäki jeza käsesinden içirer, Şonda siz abraýdan düşüp, ile ryswa bolarsyňyz.
17. Liwanda eden sütemiňiz öz başyňyza geler, Gyran haýwanlaryňyz sizi uly howpa salar, Çünki siz ynsan ganyny dökdüňiz, Ýurtlara, şäherlere ilaty bilen sütem etdiňiz.
18. Hünärmendiň ýasan oýma we guýma butlarynyň, Ýalançylygy öwretmekden başga ne haýry bar? Ýasalan zat diňe but bolup, gepläp bilmese-de, Hünärment öz ýasan zadyna bil baglaýar.
19. Agaja: «Oýan!» Dilsiz daşa: «Tur!» diýýäniň, dat gününe! But ýol görkezip bilermi? Altyn-kümşe gaplanandyr ol, Ýöne içinde jany bolmaz.
20. Emma Özüniň mukaddes ybadathanasyndadyr Reb, Goý, bütin dünýä dymsyn Onuň öňünde!
About Habakuk Chapter 2
Read Habakuk Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Habakuk in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Habakuk
Chapter: 2
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Habakuk. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Habakuk Chapter 2 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Habakuk Chapter 2?
Habakuk Chapter 2 is part of the Book of Habakuk in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Habakuk Chapter 2 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Habakuk
- Habakuk Chapter 1
- Habakuk Chapter 3
- Habakuk Chapter 2
- Habakuk Chapter 3
- Habakuk Chapter 1
- Habakuk Chapter 3
- Habakuk Chapter 3
Explore More from Köne Äht
- Danyýel Chapter 4
- Nehemýa Chapter 2
- Ysraýyl serdarlary Chapter 1
- Müsürden çykyş Chapter 25
- Gelip çykyş Chapter 44
- Zebur Chapter 73
- Lewiler kitaby Chapter 20