Işaýa Chapter 34

For English

Read Işaýa Chapter 34 Online

Read Işaýa Chapter 34 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Işaýa 34

Bap 34

1. Eý, milletler, golaýrak geliň-de, eşidiň! Eý, halklar, diňläň! Ýer ýüzi we ondaky her kes, dünýädäkiler, onda döränleriň bary eşitsin!

2. Reb milletlere gaharlanýar, goşunlaryna garşy gazaby tutaşýar, olary bütinleý ýok eder, ölüme berer.

3. Ölüleri daşary taşlanar, maslyklarynyň ysy ýaýrar, daglardan olaryň gany akar.

4. Gögüň ähli goşunlary çüýrär, asman kagyz kimin düýrlener; ähli asman jisimleri üzüm agajynyň ýapragy dek, injir agajynyň ýapragy dek solarlar.

5. Gylyjym göklerde gandan gandy, ine, gylyjym Edomyň üstüne, bütinleý ýok etjek halkymyň üstüne jeza üçin iner.

6. Rebbiň gylyjy gana bulanandyr, guzudyr owlaklaryň ganyndan doludyr, ýag, goçlaryň böwrek ýagy bilen örtülendir; Rebbiň Bozrada gurbanlygy bar, Edomda uly gyrgyn bolar.

7. Ýabany gäwmişler, öküzçelerdir, güýçli öküzler ýere serler. Ýurtlary gana eziler, topraklary ýaga.

8. Rebbiň öç güni, Siýonyň ynjamasyndan ar alyş ýyly bolar.

9. Edomyň çeşmeleri ergin şepbige topragy kükürde, ýurdy ýanyp duran şepbige öwrüler.

10. Gije-gündiz sönmez ol, tüssesi baky tütär, nesilden-nesle çolarar ýatar, asyrlar boýy içinden hiç kim geçmez.

11. Gotanlar bilen kirpiler Edomy eýelärler, baýguşlardyr gargalar mesgen tutarlar onda, Reb onuň üstüne aljyraňňylyk ýüpüni, weýrançylyk ýüpüni ölçemek üçin çeker.

12. Asylzadalary patyşalyk ýok diýerler, ähli hökümdarlary ýok bolup giderler,

13. Köşklerinde tikenler, galalarynda çitçitidir bürmekler gögerer, şagallaryň mekanyna, düýeguşlaryň mesgenine öwrüler.

14. Wagşy haýwanlar syrtlanlara duşarlar, dag goçlary höwürlerini çagyrarlar, gijeki jandarlar-da ol ýerde ornaşyp, dynç almaga ýer taparlar.

15. Ol ýerde baýguşlar höwürtgeläp, ýumurtgalar we çagalar, olary öz saýasyna üýşürerler, çaýkeller-de jübüt-jübütden toplanar.

16. Rebbiň kitabyndan okap agtaryň: bulardan hijisi-de kem bolmaz, hiç biri öz jübütini ýitirmez. Muny Reb buýurdy, Onuň Ruhy olary üýşürdi.

17. Olar üçin bije atdy, Öz eli bilen ýurdy ölçäp paýlady, Olar ony baky eýelärler, ol ýerde ýaşarlar nesiller boýy.

About Işaýa Chapter 34

Read Işaýa Chapter 34 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Işaýa
Chapter: 34
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Işaýa Chapter 34 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Işaýa Chapter 34?

Işaýa Chapter 34 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 34 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Isaya

  1. Isaya Chapter 27
  2. Isaya Chapter 28
  3. Isaya Chapter 13
  4. Isaya Chapter 26
  5. Isaya Chapter 25
  6. Isaya Chapter 1
  7. Isaya Chapter 34

Explore More from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 72
  2. Ýowel Chapter 3
  3. Ýeşuwa Chapter 8
  4. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 32
  5. Ýermeýa Chapter 32
  6. Müsürden çykyş Chapter 15
  7. Müsürden çykyş Chapter 36

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 83
  2. Zakarýa Chapter 9
  3. Eýýup Chapter 3
  4. Zebur Chapter 8
  5. Zebur Chapter 110
  6. Danyýel Chapter 1
  7. Lewiler kitaby Chapter 18
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *