Read Ester Chapter 3 Online
Read Ester Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ester in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ester and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Ester 3
Bap 3
1. Şu wakalardan soň Kserks patyşa agak tiresinden bolan Hammedatanyň ogly Hamanyň wezipesini beýgeldip, ony öz ýanyndaky emeldarlaryň ählisinden ýokarda goýdy.
2. Patyşanyň köşgündäki ähli köşk emeldarlary dyza çöküp, Hamana tagzym etdiler, çünki patyşa olara şeýle tabşyryk beripdi. Emma Mordekaý oňa dyza çöküp, tagzym etmekden boýun towlady.
3. Patyşanyň köşk emeldarlary Mordokaýdan: «Sen näme üçin patyşanyň tabşyrygyny ýerine ýetirmekden boýun towlaýarsyň?» diýip soradylar.
4. Olar Mordekaýa bu barada irginsiz aýtsalar-da, ol bulara gulak asmazdy. Mordekaýyň bu hereketine Hamanyň takadynyň ýetjekdigini ýa-da ýetmejekdigini bilmek üçin, köşk emeldarlary muny Hamana habar berdiler, çünki Mordekaý olara özüniň ýahudadygy barada aýdypdy.
5. Mordekaýyň dyza çöküp, özüne tagzym etmeýändigini görende, Haman gahar-gazapdan doldy.
6. Emma Hamana diňe Mordekaýyň özüne el gatmaklyk ýeterlik däldi. Şeýlelikde, Mordekaýyň haýsy halkdandygyny oňa mälim edenlerinden soň, Haman Kserksiň bütin patyşalygyndaky ähli ýahudalary, Mordekaýyň tutuş halkyny ýok etmegiň küýüne düşdi.
7. Kserks patyşanyň şalygynyň on ikinji ýylynyň birinji aýy bolan Nisan aýynda, şu dildüwşügiň amala aşyryljak aýyny we gününi bilmeklik üçin, olar Hamanyň öňünde pur, ýagny bije atdylar. Bije on ikinji aý bolan Adar4 aýynyň on üçüne düşdi.
8. Soňra Haman Kserkse patyşa şeýle diýdi: «Siziň patyşalygyňyzyň ähli welaýatlaryndaky halklaryň arasyna ýaýran, ýöne olardan aýry ýaşaýan bir halk bar. Olaryň kanunlary-da beýleki halklaryňkydan üýtgeşik. Mundan başga-da, olar patyşanyň kanunlaryny berjaý etmeýärler. Olara beýle zada ýol bermeklik patyşanyň bähbidine däl.
9. Eger patyşa oňlasa, goý, olaryň ýok edilmegi barada bir perman ýazylsyn. Patyşanyň hazynalaryna goýmak üçin, men patyşanyň hazynadarlarynyň eline on ýedi müň batman kümüş bererin».
10. Şeýlelikde, patyşa barmagyndaky möhür ýüzügini çykaryp, Hammedatanyň ogly, ýahudalaryň duşmany, agak tiresinden bolan Hamanyň eline berdi.
11. Patyşa Hamana: «Kümüş-de, halk-da seniň ygtyýaryňa berilýär, olara isläniňi et» diýdi.
12. Birinji aýyň on üçüne patyşanyň mürzeleri çagyryldy. Hamanyň tabşyrygy boýunça patyşanyň ähli welaýatlardaky hökümdarlaryna we häkimlerine, bütin halkyň beglerine, her welaýata öz ýazuwynda, her halka öz dilinde perman ýazyldy. Perman patyşanyň adyndan ýazylyp, onuň ýüzügi bilen möhürlenildi.
13. On ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçüne ýahudalaryň uludan kiçä baryny: aýallary we çagalary bir günde gyryp, bütinleý ýok edip, ähli mal-mülklerini basyp almaklyk barada ähli welaýatlara çaparlardan elin hatlar iberildi.
14. Şol gün üçin taýyn bolar ýaly, bu permanyň nusgasy her bir welaýatda perman hökmünde çykarylyp, bütin halka yglan edilmelidi.
15. Çaparlar patyşanyň buýrugy bilen gyssagly ýola düşdüler. Perman Suza galasynda çykaryldy. Patyşa bilen Haman içmäge oturdylar. Suzada welin aljyraňňylykdy.
About Ester Chapter 3
Read Ester Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ester in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Ester
Chapter: 3
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ester. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Ester Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Ester Chapter 3?
Ester Chapter 3 is part of the Book of Ester in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Ester Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Ester
- Ester Chapter 1
- Ester Chapter 2
- Ester Chapter 5
- Ester Chapter 8
- Ester Chapter 4
- Ester Chapter 7
- Ester Chapter 6
Explore More from Köne Äht
- Nehemýa Chapter 1
- Eýýup Chapter 27
- Gelip çykyş Chapter 35
- Eýýup Chapter 32
- 2 patyşalar Chapter 24
- Zebur Chapter 93
- Ezekiýel Chapter 47