Ester Chapter 5

For English

Read Ester Chapter 5 Online

Read Ester Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ester in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ester and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ester 5

Bap 5

1. Üçülenji güni Ester özüniň şa lybasyny geýip, patyşa köşgüniň içki otagynda, patyşanyň tagty ýerleşen otagynyň garşysynda durdy. Patyşa köşgüň agzyndaky otagda öz şalyk tagtynda otyrdy.

2. Patyşa şa aýaly Esteriň içki otagda duranyny görende, Ester patyşanyň nazarynda merhemet gazandy. Patyşa elindäki altyn hasasyny Estere tarap uzatdy. Soňra Ester oňa golaý baryp, hasanyň ujuna elini degirdi.

3. Patyşa oňa: «Şa aýaly Ester, saňa näme gerek? Näme islegiň bar? Patyşalygymyň ýarysy hem bolsa, ol saňa berler» diýdi.

4. Ester oňa: «Eger patyşa oňlasa, şa we Haman şu gün meniň patyşa üçin guran meýlisime gelsinler» diýip jogap berdi.

5. Soňra patyşa: «Esteriň islegini bitirmek üçin, Hamany tiz getiriň» diýdi. Şeýlelikde, patyşa we Haman Esteriň guran meýlisine geldiler.

6. Şerap içip otyrkalar, patyşa Estere: «Näme dilegiň bar? Ol saňa berler. Näme islegiň bar? Patyşalygymyň ýarysy hem bolsa berler» diýdi.

7. Ester: «Meniň dilegim, islegim şudur:

8. „Eger men patyşanyň göwnünden turan bolsam, patyşa dilegimi bitirip, islegimi ýerine ýetirmegi oňlasa, patyşa bilen Haman ertir meniň olar üçin gurjak meýlisime gelsinler. Men ertir patyşanyň soragyna jogap bererin“» diýdi.

9. Şol gün Haman şadyýan, göwnühoş bolup çykyp gaýtdy. Emma patyşa köşgüniň derwezesinde, Mordekaýyň özünden heder edip, ýerinden turmandygyny görende, Haman Mordekaýa garşy gahar-gazapdan doldy.

10. Muňa garamazdan, Haman özüni saklap, öýüne gaýtdy. Ol öýüne dostlaryny çagyryp, aýaly Zereşiň hem olara goşulmagyny sorady.

11. Haman olara öz ummasyz baýlyklaryny, näçe oglunyň bardygyny, patyşanyň özüniň wezipesini beýgeldip, beýleki beglerden we köşk emeldarlaryndan ýokarda goýup, eden hezzet-hormatlaryny sanap berdi.

12. Haman gürrüňiniň üstüni ýetirip şeýle diýdi: «Hatda şa aýaly Ester hem öz guran meýlisine patyşa bilen birlikde menden başga hiç kimi çagyrmady. Men ertir hem patyşa bilen birlikde onuň meýlisine çagyryldym.

13. Ýöne patyşanyň köşgüniň derwezesinde oturýan Mordekaý ýahudany görenimde, bu zatlaryň hemmesi puja çykýar».

14. Soňra aýaly Zereş we ähli dostlary oňa: «Beýikligi elli tirsek bolan bir dar agajyny taýýarlasynlar. Ertir patyşa aýt, goý, ol şol dar agajyndan Mordekaýy asdyrsyn. Soňra şatlanyp, patyşa bilen bile meýlise git» diýdiler. Bu pikir Hamana ýarady. Ol dar agajyny taýýarlatdy.

About Ester Chapter 5

Read Ester Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ester in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ester
Chapter: 5
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ester. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ester Chapter 5 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ester Chapter 5?

Ester Chapter 5 is part of the Book of Ester in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ester Chapter 5 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Ester

  1. Ester Chapter 1
  2. Ester Chapter 2
  3. Ester Chapter 5
  4. Ester Chapter 4
  5. Ester Chapter 8
  6. Ester Chapter 7
  7. Ester Chapter 6

Explore More from Köne Äht

  1. Eýýup Chapter 32
  2. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 29
  3. Zakarýa Chapter 4
  4. Gelip çykyş Chapter 28
  5. 2 Şamuwel Chapter 14
  6. Eýýup Chapter 5
  7. Çölde Chapter 2

Related Chapters & Readings

  1. Eýýup Chapter 35
  2. Zebur Chapter 31
  3. Gelip çykyş Chapter 7
  4. 1 Şamuwel Chapter 21
  5. Zebur Chapter 129
  6. Zebur Chapter 24
  7. Markusyň Hoş Habary Chapter 7
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *