Ýermeýanyň agysy Chapter 1

For English

Read Ýermeýanyň agysy Chapter 1 Online

Read Ýermeýanyň agysy Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýanyň agysy in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýermeýanyň agysy and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýermeýanyň agysy 1

Bap 1

1. Wah, öň adamdan doly şäher, indi ýalňyz boşap galdy! Milletler arasynda beýik bolan indi dul hatyna meňzäp galdy! Öň welaýatlaryň melikesi bolan, indi gyrnaga öwrüldi! ב

2. Gijesine zar-zar aglaýar, ýaňaklarynda gözýaşy. Oýnaşlaryndan köşeşdirýän ýok ony. Ähli dostlary haýynlyk edip, oňa duşman boldular. ג

3. Ýahuda köp hasrat we agyr zähmet çekdi, indi bolsa ýesir edip äkidildi. Ol milletler arasynda ýaşaýar. Ol hiç bir dynçlyk tapman, betbagtlyga uçranynda, kowguçylarynyň eline düşdi. ד

4. Siýona barýan ýollar ýas baglaýar, çünki baýramçylygyna gelýän ýok. Ähli derwezeleri çolaryp galan, ruhanylary ahy-nala çekýär. Gaýgy-hasrat çekýär ýaş gyzlary, özi hem gam-gussa batýar. ה

5. Ýagylary hökümdar bolýar, duşmanlary rowaçlanýar. Ýazygynyň agyrdygy üçin Reb bu hasraty çekdirdi Siýona. Duşmanynyň öňüne salnyp, çagalary sürgün edildi onuň. ו

6. Siýon gyzynyň ähli şan-şöhraty gaçdy. Ýolbaşçylary öri tapmaýan keýik kimindi, kowguçylardan gaçmaga mejallary ýokdy. ז

7. Hasratly hem sergezdanlyk gününde Iýerusalim öňki günlerdäki eýe bolan baýlygyny ýatlaýar. Halky duşmanyň eline düşende, hiç kim oňa kömek etmedi. Ol ýer bilen ýegsan bolanda, duşmany üstünden güldi. ח

8. Iýerusalim agyr günä etdi, şeýdip, ol gülki boldy. Öňki sylaýanlar ýalaňaçlygyny görüp, indi ony ýigrenýärler. Munuň üçin onuň özi ah çekip, hemmelerden ýüzüni gizleýär. ט

9. Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi, gelejegi hakda pikir etmedi. Onuň ýykylyşy aýylgançdy, oňa teselli berýän ýokdy. «Ýa Reb, agyr halyma nazar sal, çünki duşman üstün çykdy!». י

10. Duşman onuň iň gymmatly zatlaryna el urdy, milletlere ybadathana girmegi gadagan etseň-de, Iýerusalim olaryň girýändiklerini gördi. כ

11. Bir döwüm çörek gözläp, bütin halky ah çekýär; täzeden güýje girmek üçin, hazynalaryny iýmite berýär. «Ýa Reb, ine, halyma seret, men nähili dereksiz boldum. ל

12. Eý, ötegçiler, siziň üçin bu hiç zatmy? Ine, halymy görüň, heý-de, meniň başymdan inen gam-gussa ýaly gam-gussa barmy? Reb gazapdan dolup lowlan güni bu hasraty çekdirdi maňa. מ

13. Ýokardan ot iberip, süňklerimi köýdürdi; aýagyma duzak gurup, meni arkan agdardy; meni weýran edip, bütin gün tapdan düşürdi. נ

14. Günälerim boýuntyrygyma baglandy, Rebbiň Öz eli bilen işilip, meniň boýnumdan asyldy, Ol güýjümi tüketdi; Taňry meni garşy durup bilmedik duşmanlarymyň eline berdi. ס

15. Terk etdi Taňrym ähli urşujylarymy, goşun çagyrdy gyrmak üçin ýigitlerimi. Taňry Ýahuda boý gyzyny üzüm sykýan dek sykyp ýençdi. ע

16. Men bular üçin aglaýaryn, gözýaşlarym sil bolup akýar. Janyma aram berýän ýok, teselli beriji menden uzakda. Çagalarym derbi-dagyn edildi, çünki duşman üstün çykdy». פ

17. Siýon elini uzadýar, emma oňa teselli berýän ýok. Ýakuba duşman boluň diýip, Reb emr etdi goňşy halklara. Iýerusalim olaryň arasynda murdar zada öwrüldi. צ

18. Reb adyldyr, men bolsa buýrugyna garşy çykdym, emma siz, eý, bütin halklar, gulak goýuň, meniň çekýän derdimi görüň; sürgün edildi ýaş gyzdyr ýigitlerim. ק

19. Oýnaşlarymy çagyrdym, emma olar meni aldawa saldylar. Ruhanylarym we ýaşulularym täzeden güýje girmek üçin özlerine iýmit gözleýärkäler, şäherde heläk boldular. ר

20. Seret, ýa Reb, nähili ejir çekýän, içim ýanýar, ýüregim çat açýar, çünki Saňa garşy baş galdyrdym. Daşarda gylyç gyrýar, içerde ölüm höküm sürýär. ש

21. Olar ahy-nalamy eşitdiler, emma maňa teselli berýän ýok. Jebrimi ähli duşmanlarym eşitdi, Seniň muny edeniňe şatlandylar. Yglan eden günüňi getir, olar-da meniň ýaly bolsunlar. ת

22. Ähli pislikleri Saňa aýan bolsun; tutuş ýazyklarym sebäpli maňa näme eden bolsaň, olara hem şony etgin. Ahy-nalam köpdür, ýüregim tapdan düşendir.

About Ýermeýanyň agysy Chapter 1

Read Ýermeýanyň agysy Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýanyň agysy in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýermeýanyň agysy
Chapter: 1
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýermeýanyň agysy. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýermeýanyň agysy Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýermeýanyň agysy Chapter 1?

Ýermeýanyň agysy Chapter 1 is part of the Book of Ýermeýanyň agysy in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýermeýanyň agysy Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Eýýup Chapter 5
  5. Zebur Chapter 49
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 44

Explore More from ýermeýanyň-agysy

  1. Ýermeýanyň agysy Chapter 5
  2. Ýermeýanyň agysy Chapter 4
  3. Ýermeýanyň agysy Chapter 3
  4. Ýermeýanyň agysy Chapter 2

Related Chapters & Readings

  1. Ýermeýa Chapter 26
  2. Amos Chapter 1
  3. Hoşeýa Chapter 10
  4. Kanun taglymaty Chapter 2
  5. 2 Korintoslylara haty Chapter 11
  6. Hoşeýa Chapter 8
  7. Wagyz kitaby Chapter 8
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *