Read Filipililere haty Chapter 3 Online
Read Filipililere haty Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Filipililere haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Filipililere haty and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Filipililere haty 3
Bap 3
1. Eý doganlar, mahlasy, Rebde şatlanyň. Size bir zady gaýtalap ýazyp oturmagyň maňa zähmeti ýok, ýöne bu siziň howpsuz bolmagyňyz üçindir.
2. Ýamanlyk edýän adamlardan, ol itlerden ägä boluň. Ýalan sünnetden ägä boluň.
3. Çünki çyn sünnetliler, Hudaýa Ruhda gulluk edýän, Mesih Isa bilen magtanýan, bedene ynam etmeýän bizdiris.
4. Aslyýetinde, meniň bedene-de ynam etmäge tutarygym bar. Başga biri tene ynam etmegi pikir edýän bolsa, meniň onuňkydan hem köp tutarygym bar.
5. Men dogulmagymyň sekizinji gününde sünnetlendim. Ysraýyl urugyndan, Benýamyn taýpasyndan, ýewreýlerden bir ýewreý bolup, Mukaddes Kanun boýunça fariseýdirin.
6. Yhlas diýseňiz, imanlylar ýygnagyna azar berdim, Kanundaky dogrulyk diýseňiz, aýypsyzdym.
7. Maňa gazanç bolan her zady Mesihiň hatyrasyna zyýan saýdym.
8. Hawa, ugrunda bar zadymy ýitiren Rebbim Mesih Isany tanamagyň artyk gymmaty üçin her zady zyýan saýýaryn, Mesihi gazanjak bolup, syr-süplük saýýaryn.
9. Muny Mukaddes Kanundan gelen öz dogrulygyma däl, eýsem, Mesihe bolan iman arkaly berlen, iman saýasynda Hudaýdan gelen dogrulyga eýe bolup, Mesihde boljak bolup edýärin.
10. Ölüminde Oňa meňzäp, Ony tanamak, direlişiniň güýjüni, görgülerine şärikligiň nähilidigini bilmek,
11. garaz, ölümden direlişe ýetmek isleýärin. Pellehana tarap ylgalyň.
12. Men häzirden bulara ýetenimi ýa kämilleşenimi aýtmaýaryn, ýöne Mesihiň meni gazanmakdaky maksadyny gazanjak bolup jan çekýärin.
13. Doganlar, men özümi muny gazanan hasap etmeýärin.
14. Emma bir zady edýärin: yzdaky zatlary unudyp, öňdäkilere el uzadyp, Hudaýyň Mesih Isadaky arşa tarap bolan çakylygynyň baýragyna mynasyp bolmak üçin, pellehana tarap ylgaýaryn.
15. Şeýlelik bilen biz, kämiller, barymyz şu pikirde bolalyň. Siz bir zatda başga hili pikirde bolsaňyz, onda Hudaý muny-da size açyk görkezer.
16. Ýöne nämä ýeten bolsak, şol düzgüne laýyk gezip, şol pikirde bolalyň.
17. Doganlar, menden görelde almakda birleşiň. Bizden alan göreldäňize görä gezýänlere serediň.
18. Çünki size ençeme gezek aýdyşym ýaly, häzir-de aglap aýdýaryn, köp adamlar Mesihiň haçyna duşman bolup gezýär.
19. Olaryň soňy heläkçilikdir. Taňrysy garynlarydyr. Olar öz aýyplary bilen magtanyp, diňe bu dünýäniň pikirini edýär.
20. Biziň watanymyz Gökdedir. Şol ýerden hem Halasgäre, Reb Isa Mesihe garaşýandyrys.
21. Ol her zady Özüne tabyn etmegi başarýan güýji bilen biziň ujypsyz bedenimizi üýtgedip, Öz şöhratly bedenine meňzeder.
About Filipililere haty Chapter 3
Read Filipililere haty Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Filipililere haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Filipililere haty
Chapter: 3
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Filipililere haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Filipililere haty Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Filipililere haty Chapter 3?
Filipililere haty Chapter 3 is part of the Book of Filipililere haty in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Filipililere haty Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from filipililere-haty
Explore More from Täze Äht
- Resullaryň Işleri Chapter 9
- Ýewreýlere haty Chapter 13
- 1 Timoteosa haty Chapter 3
- Resullaryň Işleri Chapter 17
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 17
- Efeslilere haty Chapter 6
- Galatýalylara haty Chapter 4