Read 1 Selaniklilere haty Chapter 5 Online
Read 1 Selaniklilere haty Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Selaniklilere haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 Selaniklilere haty and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
1 Selaniklilere haty 5
Bap 5
1. Eý doganlar, bu wakalaryň wagt hem möwsümleri hakda size ýazmagyň geregi ýok.
2. Çünki Rebbiň gününiň bir ogrynyň gije gelşi ýaly bolup geljegini özüňiz oňat bilýänsiňiz.
3. Adamlar: «Her zat parahatlyk, aman» diýen badyna, göwreli aýalyň burgusynyň tutuşy ýaly, birdenkä olaryň üstüne heläkçilik iner, gaçyp bilmezler.
4. Emma, doganlar, ol gün sizi bir ogry kimin basar ýaly, siz garaňkylykda dälsiňiz.
5. Çünki baryňyz nura, gündize degişli adamlarsyňyz. Biz gijä ýa garaňkylyga degişli däldiris.
6. Şeýlelikde, beýlekiler ýaly uklaman, oýa, hüşgär bolalyň.
7. Çünki uklaýanlar gije uklaýandyr, serhoş bolýanlar-da gije serhoş bolýandyr.
8. Gündize degişli bolan biz bolsa, iman, söýgi sowudyny geýip, kellämize tuwulga hökmünde, gutulyş umydyny geýnip, hüşgär bolalyň.
9. Çünki Hudaý bizi gazaba sezewar bolmak üçin däl-de, Rebbimiz Isa Mesih arkaly gutulyşa gowuşmak üçin belledi.
10. Biz oýa bolsak-da, ukuda bolsak-da, Onuň bilen ýaşar ýaly, Mesih biziň üçin öldi.
11. Şonuň üçin, şu wagt hem edişiňiz ýaly, biri-biriňizi ruhlandyryň, biri-biriňizi abatlaň.
12. Eý doganlar, araňyzda zähmet çekýänleriň, Reb ýolunda size öňbaşçylyk edip öwüt berýänleriň gadyryny bilmegi sizden haýyş edýäris.
13. Edýän işleriniň hatyrasyna olara çäksiz söýgi bilen hormat goýuň. Özara parahatçylykda ýaşaň.
14. Doganlar, size ýalbarýarys, boş gezýänlere öwüt-ündew ediň, göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň, hemmeler barada sabyrly boluň.
15. Habardar boluň, hiç kim ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermesin. Gaýtam biri-biriňize, ähli adamlara ýagşylyk etjek bolup hemişe tagalla ediň.
16. Hemişe şatlyk ediň.
17. Dyngysyz doga ediň.
18. Ähli ýagdaýda şükür ediň. Çünki Hudaýyň Mesih Isada siz baradaky islegi şudur.
19. Ruhy söndürmäň.
20. Pygamberlik sözlerini äsgermezlik etmäň.
21. Her zady synap görüň. Gowy zady gaýym saklaň.
22. Her hili erbetlikden gaça duruň.
23. Parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaýyň Özi sizi bütinleý mukaddes etsin. Ruhuňyz, janyňyz we teniňiz saklanyp, Rebbimiz Isa Mesih gelende nogsansyz hem müýnsüz bolsun.
24. Sizi çagyran Hudaý ynamdardyr, Ol muny başarar.
25. Doganlar, biziň üçin doga ediň.
26. Bütin doganlara mukaddes ogşuk bilen salam aýdyň.
27. Bu hatyň bütin mukaddes doganlara okalmagyny Rebbiň adyndan size tabşyrýaryn.
28. Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň bilen bolsun! Omyn.
About 1 Selaniklilere haty Chapter 5
Read 1 Selaniklilere haty Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Selaniklilere haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 1 Selaniklilere haty
Chapter: 5
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 Selaniklilere haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 1 Selaniklilere haty Chapter 5 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 1 Selaniklilere haty Chapter 5?
1 Selaniklilere haty Chapter 5 is part of the Book of 1 Selaniklilere haty in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 1 Selaniklilere haty Chapter 5 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 1-selaniklilere-haty
- 1 Selaniklilere haty Chapter 1
- 1 Selaniklilere haty Chapter 4
- 1 Selaniklilere haty Chapter 3
- 1 Selaniklilere haty Chapter 2
Explore More from Täze Äht
- Ýahýa gelen ylham Chapter 9
- Filimuna haty Chapter 1
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 9
- Petrusyň birinji haty Chapter 4
- 1 Korintoslylara haty Chapter 10
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 11
- Ýahýanyň birinji haty Chapter 5