1 Selaniklilere haty Chapter 4

For English

Read 1 Selaniklilere haty Chapter 4 Online

Read 1 Selaniklilere haty Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Selaniklilere haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 Selaniklilere haty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

1 Selaniklilere haty 4

Bap 4

1. Mahlasy, eý doganlar, nähili gezmelidigi, Hudaýy nähili hoşnut etmelidigi barada bizden öwrenişiňiz ýaly, şoňa görä-de gezişiňiz ýaly, bu işde has köp ilerlemegiňizi Reb Isanyň ady bilen sizden haýyş edip ýalbarýarys.

2. Biziň Reb Isadan gelen haýsy buýruklary size berenimizi bilýänsiňiz.

3. Hudaýyň isleýäni, mukaddes bolmagyňyz üçin, zynadan saklanmagyňyz,

4. her kişiniň Hudaýy tanamaýan milletler ýaly haram keýp bilen däl-de,

5. öz bedenine mukaddeslik we hormat bilen eýelik etmegi, bu zatda hetdinden aşman, öz doganynyň hakyny iýmezligidir.

6. Çünki ozal size aýdyp güwä geçişimiz ýaly, bütin bu zatlar üçin Reb adamlary jezalandyrar.

7. Sebäbi Hudaý bizi hapalyga däl-de, mukaddeslige çagyrdy.

8. Bu çakylygy ret edýän adam, ynsany däl-de, size Öz Mukaddes Ruhuny beren Hudaýy ret edýändir.

9. Dogan söýgüsi hakda bolsa, size ýazmagymyzyň geregi ýok, çünki Hudaý birek-biregi söýmegi size öwredendir.

10. Aslyýetinde, siz tutuş Makedoniýadaky ähli doganlary-da söýýärsiňiz. Doganlar, biz sizden bu söýgiňizi has köp artdyrmagyňyzy haýyş edýäris.

11. Size buýruşymyz ýaly, gep-gürrüňsiz gezmek, öz işiňize gydyrdap, öz elleriňiz bilen işlemek üçin yhlasly boluň.

12. Şeýlelikde, keseki adamlaryň öňünde hormat bilen gezersiňiz, hiç bir zada zar bolmarsyňyz.

13. Doganlar, beýleki umytsyzlar ýaly gaýgy çekmezligiňiz üçin, ölen imanlylar hakda siziň maglumatsyz bolmagyňyzy islemeýäris.

14. Biz Isanyň ölüp direlenine ynanýarys. Ine, şeýle-de, Hudaý Isa bagly bolup ölenleri hem Onuň bilen bile yzlaryna getirer.

15. Rebbiň sözüne daýanyp, size şuny aýdýarys: biz diriler, Rebbiň gelmegine çenli galanlar, ölen imanlylardan asla öňe çykmarys.

16. Çünki Rebbiň Özi emirli gygyryş bilen, baş perişdäniň sesi bilen, Hudaýyň surnaýy bilen Gökden iner, şeýlelikde, ilki bilen Mesihe degişli ölüler direler.

17. Ondan soňra biz, galan diriler olar bilen bile Rebbi howada garşylamak üçin, bulutlar içinde alnyp göterileris. Şeýlelikde, elmydama Reb bilen bile bolarys.

18. Ine, şu sözler bilen biri-biriňize göwünlik beriň.

About 1 Selaniklilere haty Chapter 4

Read 1 Selaniklilere haty Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Selaniklilere haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 1 Selaniklilere haty
Chapter: 4
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 Selaniklilere haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 1 Selaniklilere haty Chapter 4 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 1 Selaniklilere haty Chapter 4?

1 Selaniklilere haty Chapter 4 is part of the Book of 1 Selaniklilere haty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 1 Selaniklilere haty Chapter 4 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 1-selaniklilere-haty

  1. 1 Selaniklilere haty Chapter 1
  2. 1 Selaniklilere haty Chapter 3
  3. 1 Selaniklilere haty Chapter 5
  4. 1 Selaniklilere haty Chapter 2

Explore More from Täze Äht

  1. Ýahýa gelen ylham Chapter 20
  2. Markusyň Hoş Habary Chapter 12
  3. Mattanyň Hoş Habary Chapter 20
  4. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 16
  5. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 18
  6. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 4
  7. Efeslilere haty Chapter 6

Related Chapters & Readings

  1. Ýermeýanyň agysy Chapter 4
  2. Lewiler kitaby Chapter 5
  3. Sepanýa Chapter 1
  4. Efeslilere haty Chapter 6
  5. Mattanyň Hoş Habary Chapter 1
  6. Işaýa Chapter 17
  7. Ezekiýel Chapter 32
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *