Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 10

For English

Read Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 10 Online

Read Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 10 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahýanyň Hoş Habary in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýahýanyň Hoş Habary and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýahýanyň Hoş Habary 10

Bap 10

1. «Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, goýun agylyna gapysyndan girmän, başga ýerinden aşyp girýän ogrudyr, garakçydyr.

2. Gapydan girýän goýunlaryň çopanydyr.

3. Sakçy oňa gapyny açyp berýändir. Goýunlar çopanyň sesini eşidýändir. Çopan hem goýunlaryny atma-at çagyryp, olary daşaryk çykarýandyr.

4. Goýunlaryny daşaryk çykarandan soň, olaryň öňünden ýöreýändir, onuň sesini tanaýan goýunlar bolsa onuň yzyna düşýändir.

5. Olar kesekiniň yzyna düşýän däldir, ondan gaçýandyr, sebäbi kesekiniň sesini tanaýan däldirler».

6. Isa olara tymsal aýtdy, ýöne olar onuň manysyna düşünmediler.

7. Isa ýene-de olara şeýle diýdi: «Men size hakykatyny aýdýaryn, Men goýunlaryň agylyna gapydyryn.

8. Menden öň gelenleriň ählisi ogrudyr, garakçydyr; ýöne goýunlar olary diňlemediler.

9. Men gapydyryn. Menden giren halas bolar. Ol girer, çykar, öri tapar.

10. Ogry diňe ogurlap öldürmek, heläk etmek üçin gelýändir. Emma Men olarda ýaşaýyş bolsun, gurply ýaşaýyş bolsun diýip geldim.

11. Men gowy çopandyryn. Gowy çopan goýunlary üçin janyny pida edýändir.

12. Çopan däl-de, diňe hakyna tutulan adam bolsa möjegiň gelýänini görüp, goýunlar özüniňki bolmansoň, olary taşlap gaçýandyr. Möjek-de olary gapyp dargadýandyr.

13. Çünki ol hakyna tutulandyr. Ol goýunlaryň gamyny iýmez.

14. Men gowy çopandyryn; Özümiňkileri tanaýandyryn, olar-da Meni tanaýandyr.

15. Atamyň Meni, Meniň-de Atany tanaýşym ýaly tanaýandyrlar. Men goýunlar üçin janymy pida edýärin.

16. Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşider. Onsoň bir süri, bir çopan bolar.

17. Janymy gaýtadan almak üçin pida edýänligim sebäpli Ata Meni söýýär.

18. Janymy Menden hiç kim almaýar, Özüm pida edýärin. Meniň ony pida etmäge-de, ony gaýtadan almaga-da ygtyýarym bar. Men bu buýrugy Atamdan aldym».

19. Bu sözler sebäpli, ýehudylaryň arasyna ýene-de agzalalyk aralaşdy.

20. Olaryň köpüsi: «Ol jynly, Ol däliräpdir. Näme üçin siz Ony diňleýärsiňiz?» diýdiler.

21. Başgalary bolsa: «Bular jynly adamyň aýtjak sözleri däl. Jyn körleriň gözüni açyp bilermi?» diýdiler.

22. Iýerusalimde ybadathananyň açylyşynyň ýyllyk baýramy boldy. Gyşdy.

23. Isa ybadathanada Süleýmanyň eýwanynda gezmeläp ýördi.

24. Ýehudylar Onuň daşyna üýşüp: «Sen haçana çenli bizi alasarmyk edip ýörjek? Mesih bolsaň, açygyny aýt» diýdiler.

25. Isa olara şeýle jogap berdi: «Men size aýtdym, ýöne siz iman etmeýärsiňiz. Atamyň ady bilen eden işlerim Maňa güwälik edýär.

26. Ýöne siz iman etmeýärsiňiz, çünki size aýdyşym ýaly, siz Meniň goýunlarymdan däl.

27. Meniň goýunlarym sesime gulak asýar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler.

28. Men olara ebedi ýaşaýyş bererin. Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz.

29. Olary Maňa beren Atam hemmeden uludyr. Atamyň elinden olary hiç kim alyp bilmez.

30. Atam Ikimiz birdiris».

31. Ýehudylar Ony daşlajak bolup, ýene ýerden daş aldylar.

32. Isa olara: «Men Atam tarapyndan size köp ýagşylyklar etdim. Bularyň haýsysy üçin siz Meni daşlajak bolýarsyňyz?» diýdi.

33. Ýehudylar Oňa: «Biz Seni ýagşy iş edýänligiň üçin däl, Hudaýa dil ýetirýänligiň üçin, ýagny ynsan halyňa Özüňi Hudaý saýýanlygyň üçin daşlajak bolýarys» diýdiler.

34. Isa olara şeýle diýdi: «„Men aýtdym, siz taňrylarsyňyz" diýip, siziň kanunyňyzda ýazylgy dälmi näme?

35. Mukaddes kanun özlerine Hudaýyň sözleri gelenleri taňrylar diýip atlandyran bolsa, şonuň bilen Ýazgy bozulmaýar ahyryn.

36. Şeýle bolsa, Men Hudaýyň Ogly diýýänim üçin siz Atanyň saýlap, dünýä iberen Adamyna näme üçin Hudaýa dil ýetirýär diýýärsiňiz?

37. Men Atamyň işlerini etmeýän bolsam, onda Maňa iman etmäň.

38. Eger-de ol işleri edýän bolsam, onda Maňa ynanmasaňyz-da, Atamyň Mendedigini we Meniň Atadadygymy bilip, oňa göz ýetirer ýaly, edýän işlerime ynanyň».

39. Şonda Ony ýene tutmaga synanyşdylar, ýöne Isa olaryň ellerinden sypyp gitdi.

40. Isa ýene-de Iordanyň aňyrsyna, Ýahýanyň ozallar çokundyrýan ýerine baryp, şol ýerde galdy.

41. Köp adamlar Onuň ýanyna gelip: «Ýahýa hiç hili alamat görkezmedi, ýöne onuň bu Adam hakda aýdanlarynyň bary çyn eken» diýişdiler.

42. Şeýlelikde, köp adamlar ol ýerde Oňa iman etdi.

About Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 10

Read Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 10 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahýanyň Hoş Habary in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýahýanyň Hoş Habary
Chapter: 10
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýahýanyň Hoş Habary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 10 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 10?

Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 10 is part of the Book of Ýahýanyň Hoş Habary in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 10 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Täze Äht

  1. Lukanyň Hoş Habary Chapter 1
  2. Lukanyň Hoş Habary Chapter 21
  3. Lukanyň Hoş Habary Chapter 5
  4. Lukanyň Hoş Habary Chapter 6
  5. Lukanyň Hoş Habary Chapter 13
  6. Lukanyň Hoş Habary Chapter 7
  7. Lukanyň Hoş Habary Chapter 4

Explore More from yahyanin-hos-habary

  1. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 17
  2. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 7
  3. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 14
  4. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 19
  5. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 20
  6. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 9
  7. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 4

Related Chapters & Readings

  1. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 24
  2. Gelip çykyş Chapter 43
  3. Mattanyň Hoş Habary Chapter 20
  4. Çölde Chapter 21
  5. Işaýa Chapter 21
  6. Kanun taglymaty Chapter 23
  7. 1 patyşalar Chapter 8
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *