1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22

For English

Read 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22 Online

Read 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 22

Bap 22

1. Onsoň Dawut: «Şu ýerde Beýik Hudaýyň öýi hem-de Ysraýyl üçin ýakma gurbanlyk sypasy bolsun» diýdi.

2. Dawut Ysraýylda ýaşaýan gelmişekleri toplamagy buýrup, Hudaýyň öýüni gurmak üçin daş ýonýan ussalary belledi.

3. Dawut derwezeleriň gapylary üçin çüýler we petleler üçin juda köp demir, ölçärden agdyk bürünç, ummasyz köp mukdarda kedr agaçlaryny taýýarlady.

4. Köp möçberdäki bu kedr agaçlaryny Dawuda sidonlylar bilen sorlular getirdiler.

5. Dawut şeýle diýdi: «Oglum Süleýman ýaş hem tejribesiz, Rebbe guruljak öý bolsa biçak gözel, bütin dünýäde meşhur hem-de şöhratly bolmalydyr. Şonuň üçinem men taýýarlyk görmelidirin». Şeýlelikde, Dawut ölmezinden öň, öýüň gurluşygy üçin, taýýarlyk işleriniň uly tapgyryny ýerine ýetirdi.

6. Onsoň Dawut ogly Süleýmany ýanyna çagyryp, Ysraýyl Hudaýy Rebbe öý gurmagy oňa wesýet etdi.

7. Dawut Süleýmana şeýle diýdi: «Oglum, meniň Hudaýym Rebbe öý gurmak niýetim bardy.

8. Emma maňa Rebbiň şu sözi geldi: „Sen köp gan dökdüň hem-de ýowuz uruşlar alyp bardyň. Maňa öýi sen gurmaly dälsiň, sebäbi sen Meniň huzurymda ýer ýüzünde köp gan dökdüň.

9. Ine, senden bir ogul dünýä iner; ol asudalykda ýaşar. Men oňa töweregindäki ähli duşmanlaryndan dynçlyk bererin. Şonuň üçinem onuň ady Süleýman bolar. Men onuň döwründe Ysraýyla rahatlyk hem asudalyk bererin.

10. Ol Maňa öý gurar. Ol Maňa ogul bolar, Men oňa Ata bolaryn. Men Ysraýylyň üstünden onuň şalyk tagtyny müdimilik berkarar ederin“.

11. Indi, oglum, goý, Reb saňa ýar bolsun. Rebbiň sen barada aýdyşy ýaly, Rebbe öý gurmaklyk işiň şowuna bolsun.

12. Hudaýyň Reb seni Ysraýyla hökümdar goýanda, Onuň kanunyny berjaý ederiň ýaly, goý, Reb saňa akyl-paýhas bersin.

13. Eger Rebbiň Musanyň üsti bilen Ysraýyla tabşyran parzlarydyr hökümlerini berjaý etseň, işiň rowaç bolar. Dözümli hem mert bol; gorkma, ruhdan düşme.

14. Men Rebbiň öýi üçin, uly yhlas bilen bir ýüz ýetmis müň batman altyn, bir million ýedi ýüz müň batman kümüş, ölçärden agdyk bürünçdir demir, agaçdyr daşlar ýygnadym. Sen bularyň üstüni ýetirmelisiň.

15. Eliňde ummasyz işçi güýji bar – daş ýonujylaryň, kerpiç örüjileriň, agaç ussalaryň, san-sajaksyz ussat zergärleriň, kümüş, bürünç hem demir ussalaryň bardyr. Indi işe başla, Reb saňa ýar bolar!».

17. Şeýle hem Dawut ogly Süleýmana kömek bermekleri üçin, Ysraýylyň ähli ýolbaşçylaryna şeýle buýruk berdi:

18. «Hudaýyňyz Reb siziň bilen dälmi? Ähli tarapdan size rahatlyk beren Şol dälmi? Ol bu ýurduň ähli ilatyny meniň elime berdi we ýurt Rebbe hem-de Onuň halkyna boýun egdi.

19. Indi bütin kalbyňyz hem janyňyz bilen Hudaýyňyz Rebbi agtaryň! Rebbiň Äht sandygyny hem-de Hudaýyň mukaddes enjamlaryny Rebbe gurlan öýe getireriňiz ýaly, gidiň-de, Beýik Hudaýyň mukaddes öýüni guruň».

About 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22

Read 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Chapter: 22
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22?

1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22 is part of the Book of 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 1-ýyl-ýazgylarynyň-kitaby

  1. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 5
  2. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 8
  3. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 6
  4. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4
  5. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2
  6. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 21
  7. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 9

Explore More from Köne Äht

  1. Işaýa Chapter 24
  2. Zebur Chapter 26
  3. 2 Şamuwel Chapter 22
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 7
  5. Kanun taglymaty Chapter 4
  6. Zakarýa Chapter 13
  7. 1 patyşalar Chapter 19

Related Chapters & Readings

  1. Ysraýyl serdarlary Chapter 9
  2. Ýahýa gelen ylham Chapter 20
  3. Zebur Chapter 96
  4. Zebur Chapter 18
  5. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 11
  6. 1 Timoteosa haty Chapter 4
  7. Lukanyň Hoş Habary Chapter 24
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *