Read 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 17 Online
Read 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 17
Bap 17
1. Dawut öz köşgünde ornaşandan soň, Natan pygambere: «Seret, men-ä kedr agajyndan gurlan köşkde ýaşaýaryn, Rebbiň Äht sandygy bolsa çadyrda dur» diýdi.
2. Natan Dawuda: «Islän zadyňy ediber, sebäbi Hudaý seniň bilendir» diýdi.
3. Emma hut şol gije Natana Rebbiň şu sözi geldi:
4. «Bar, gulum Dawuda Reb şeýle diýýär diý: „Maňa mesgen tutar ýaly öýi sen gurmaly dälsiň.
5. Men ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykan günümden bäri öýde mesgen tutmadym; çadyrymy ondan-oňa göçürip ýaşap ýördüm.
6. Tutuş Ysraýyl bilen bolan ýerlerimiň ählisinde Öz halkyma baştutanlyk etmegi buýran Ysraýyly serdarlarynyň hiç birinden näme üçin Maňa kedr agajyndan öý gurmandyklaryny soramadym“.
7. Indi sen Meniň gulum Dawuda Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär diý: „Men seni meýdanda goýun bakyp ýören ýeriňden alyp, Öz halkym Ysraýylyň hökümdary etdim.
8. Nirä gitseň ýanyňda boldum, öňüňdäki ähli duşmanlaryňy gyryp taşladym. Indi bolsa ýer ýüzündäki beýik adamlaryň ady kimin seniň adyňy belende göterjek.
9. Öz halkym Ysraýyl üçin bir ýer taýýynlap, olary şol ýerde ýerleşdirjek. Şeýdip, olar öz ýerlerinde ýaşarlar. Mundan beýläk olaryň rahatlygy bozulmaz.
10. Halkym Ysraýyla serdarlar bellän döwrümden bäri sütem edişleri ýaly, betgylyk adamlar indi olara sütem etmezler. Men ähli duşmanlaryňy boýun egdirerin. Men-Reb seniň üçin öýi gurjakdygymy jar edýärin.
11. Peýmanyň dolup, ata-babalaryňa gowşanyňda, ýeriňe öz ogluňy, öz biliňden önen zürýadyňy tagta çykaryp, onuň patyşalygyny kuwwatlandyraryn.
12. Meniň üçin öýi ol gurar, Men onuň şalyk tagtyny baky berkarar ederin.
13. Men oňa Ata bolaryn, ol bolsa Maňa ogul bolar. Senden öň bolan Şawuly mahrum edişim ýaly, ony Öz sadyk söýgimden mahrum etmerin.
14. Men ony Öz öýümde hem-de şalygymda baky goýaryn. Şalyk tagty baky dowam eder“».
15. Şu sözleriň hem-de aýanlyklaryň ählisini Natan Dawuda gürrüň berdi.
16. Soňra Dawut gelip, Rebbiň huzurynda oturdy-da, şeýle diýdi: «Ýa, Beýik Hudaý, men kim, meni şeýle derejä ýetirer ýaly, meniň maşgalam kim?
17. Eý Hudaý, bu zatlary hem az görýän ýaly, Sen Öz guluň nesliniň geljegi hakynda hem söz berdiň. Sen maňa belent mertebeli adam ýaly garaýarsyň, ýa Beýik Hudaý!
18. Öz guluňa beýle hormatyň üçin Dawut Saňa näme diýip biler? Sen Öz guluňy tanaýarsyň ahyryn!
19. Sen guluňyň hatyrasyna, Öz göwün islegiňe görä bu beýik işi etdiň; bu beýik işleriň ählisini aýan etdiň.
20. Eý, Reb, Saňa taý geljek ýokdur, Senden başga Hudaý ýok! Muny öz gulaklarymyz bilen eşitdik.
21. Ýer ýüzünde Seniň halkyň Ysraýyla taý geljek halk barmyka?! Öz halkym bolsun diýip, Sen ony Müsür gulçulygyndan halas etdiň, beýik hem aýylganç işler bilen Öz adyňy şöhrata beslemek üçin beýleki milletleri olaryň öňünden kowup çykardyň.
22. Hemişelik Öz halkym bolsun diýip, halkyň Ysraýyly Özüň üçin ebedi halk etdiň; Ýa Reb, Sen olaryň Hudaýy bolduň.
23. Indi bolsa, Sen, ýa Reb, Öz guluň hem onuň nesli hakda aýdan sözüňi ebedi sakla-da, diýşiň ýaly et!
24. Goý, ynsanlar „Hökmürowan Reb Ysraýylyň Hudaýydyr“ diýip, guluňyň neslini berkarar etsinler, adyňy ebedilik belende götersinler. Guluň Dawudyň nesli Seniň öňüňde kuwwatlansyn.
25. Sen, eý, Hudaýym, „Saňa nesil berjek“ diýip, guluňa Özüň aýan edipdiň. Şoňa görä-de guluň Saňa ýüzlenip, şu dilegi okamaga milt etdi.
26. Ýa Reb, Sen Hudaýsyň. Şu ýagşylyklary guluňa Sen wada etdiň.
27. Öz huzuryňda ebedi galsyn diýip, guluňyň nesline pata bermek, goý, Saňa hoş görünsin! Sebäbi, ýa Reb, Seniň pataň bilen guluňyň nesli baky pataly boldy we patalydyr!».
About 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 17
Read 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Chapter: 17
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 17 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 17?
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 17 is part of the Book of 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 17 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 1-ýyl-ýazgylarynyň-kitaby
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 5
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 8
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 6
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 26
Explore More from Köne Äht
- Kanun taglymaty Chapter 21
- Işaýa Chapter 55
- 1 Şamuwel Chapter 9
- Wagyz kitaby Chapter 12
- Wagyz kitaby Chapter 7
- Kanun taglymaty Chapter 27
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 3