1 patyşalar Chapter 3

For English

Read 1 patyşalar Chapter 3 Online

Read 1 patyşalar Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 patyşalar in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 patyşalar and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

1 patyşalar 3

Bap 3

1. Süleýman Müsür patyşasy fyrownyň gyzyna öýlenip, patyşa bilen garyndaşlyk açdy. Ol öz öýi, Rebbiň öýi hem-de Iýerusalimiň daşyndaky diwarlar salnyp gutarylýança, aýalyny Dawut galasyna getirdi.

2. Adamlar sežde edilýän ýerlerde gurbanlyk berýärdiler, çünki henize çenli Rebbe ybadat öýi salynmandy.

3. Süleýman kakasy Dawudyň wesýetlerini berjaý edip, Rebbi söýdi. Ýöne ol sežde edilýän ýerlerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakdy.

4. Bir gün patyşa gurbanlyk bermek üçin Gibgona gitdi, çünki esasy sežde edilýän ýer şol ýerdedi. Süleýman şol ýerde müňlerçe ýakma gurbanlyklaryny beripdi.

5. Gibgonda gije Süleýmanyň düýşüne Reb girdi. Hudaý oňa: «Dile, dilän zadyňy bererin» diýdi.

6. Süleýman şeýle diýdi: «Guluň kakam Dawudyň ynamly, dogruçyl hem-de akýürekli bolany üçin, oňa uly merhemet etdiň. Bu gün oňa tagtynda oturmaga ogul berip, Öz beýik merhemetiňi görkezdiň.

7. Indi eý, Hudaýym Reb, Sen guluň–meni kakam Dawudyň ýerine patyşa etdiň. Men ýolbaşçylyk etmäge ukyby bolmadyk, tejribesiz, ýaş oglandyryn.

8. Guluň Seniň saýlan, san-sajaksyz halkyňyň arasyndadyr.

9. Şonuň üçinem halkyňy dolandyrar ýaly, ýagşy-ýamany saýgarar ýaly, Sen Öz guluňa pähim-paýhas ber, çünki kim Seniň san-sajaksyz halkyňy dolandyryp biler?»

10. Süleýmanyň bu dilegi Taňra ýarady.

11. Hudaý oňa şeýle diýdi: «Özüňe uzak ömür, baýlyk dilemän ýa-da duşmanlaryňyň ölümini dilemän, eýsem ýagşy-ýamany saýgarar ýaly, akyl-paýhas diläniň üçin, Men saňa dilän zadyňy berýärin.

12. Men saňa öňküleriň hiç birinde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolup bilmejek akyl-paýhas, aň-düşünje bererin.

13. Men saňa dilemedik zatlaryňy, ýagny ömürboýy egsilmejek baýlyk bilen hormat bererin. Saňa taý geljek patyşa bolmaz.

14. Eger sen meniň parzlarymdyr tabşyryklarymy berjaý edip, kakaň Dawut ýaly ýollarymdan ýöreseň, Men seniň ömrüňi-de uzaldaryn».

15. Süleýman oýandy, görse, bu düýş eken. Soňra ol Iýerusalime gelip, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde durup, ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny berip, ähli emeldarlary üçin meýlis gurdy.

16. Bir gün iki sany azgyn aýal gelip, patyşanyň huzurynda durdy.

17. Ol aýallaryň biri şeýle diýýär: «Eý, jenabym, men şu aýal bilen bir öýde ýaşaýaryn. Şu aýal öýdekä, meniň çagam dogulýar.

18. Şondan üç gün soň munuň hem çagasy bolýar. Biziň ikimiz bile ýaşaýarys, öýde biziň ikimizden başga hiç kim ýok.

19. Onsoň bir gije bu aýalyň ogly ölýär, sebäbi ol çagasynyň üstüne togalanypdyr.

20. Ol ýarygije turup, men uklap ýatyrkam, meniň gapdalymda ýatan oglumy alyp, öz gujagynda, öz ölen ogluny bolsa meniň gujagymda goýupdyr.

21. Men ertesi irden oglumy emdirjek bolsam, ol öli ýatyr. Men oňa dykgat bilen seretdim we çaganyň özümiňki däldigine magat göz ýetirdim».

22. Emma beýleki aýal: «Ýok, diri çaga meniňki, ölen çaga seniňki» diýýär. Birinji aýal: «Ýok, ölen çaga seniňki, diri çaga meniňki» diýýär. Şeýdip, olar patyşanyň huzurynda jedelleşdiler.

23. Onsoň patyşa şeýle diýýär: «Biriňiz: „Diri çaga meniňki, ölen çaga seniňki“ diýýärsiňiz, beýlekiňiz bolsa: „Ýok, beýle däl! Ölen çaga seniňki, diri çaga meniňki“ diýýärsiňiz».

24. Soňra patyşa: «Maňa bir gylyç getirip beriň» diýýär. Patyşa gylyç getirip berýärler.

25. Ol: «Diri galan çagany iki bölüň-de, ýarysyny birine, ýarysyny-da beýlekisine beriň» diýýär.

26. Emma çagasy diri galan aýal: «Eý, jenabym, çagany oňa beriň; ony asla öldürmäň!» diýýär. Çünki ol aýalyň öz ogluna rehimi indi. Ýöne beýleki aýal: «Ol meniňki hem bolmasyn, seniňki hem bolmasyn, ony ikä bölüň» diýýär.

27. Onsoň patyşa: «Diri galan çagany birinji aýala beriň, ony asla öldürmäň, ol onuň ejesidir» diýýär.

28. Patyşanyň çykaran hökümini bütin ysraýyl halky eşidip, oňa uly hormat goýdy. Paýhasly höküm çykarar ýaly Süleýman patyşada Hudaýyň pähim-paýhasynyň bardygyny halk gördi.

About 1 patyşalar Chapter 3

Read 1 patyşalar Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 patyşalar in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 1 patyşalar
Chapter: 3
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 patyşalar. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 1 patyşalar Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 1 patyşalar Chapter 3?

1 patyşalar Chapter 3 is part of the Book of 1 patyşalar in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 1 patyşalar Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 1-patyşalar

  1. 1 patyşalar Chapter 1
  2. 1 patyşalar Chapter 5
  3. 1 patyşalar Chapter 2
  4. 1 patyşalar Chapter 22
  5. 1 patyşalar Chapter 21
  6. 1 patyşalar Chapter 19
  7. 1 patyşalar Chapter 14

Explore More from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 87
  2. Ysraýyl serdarlary Chapter 12
  3. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 1
  4. 2 patyşalar Chapter 8
  5. Wagyz kitaby Chapter 9
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 113

Related Chapters & Readings

  1. Koloselilere haty Chapter 2
  2. Müsürden çykyş Chapter 31
  3. Ýewreýlere haty Chapter 11
  4. 1 patyşalar Chapter 7
  5. Lewiler kitaby Chapter 6
  6. Lukanyň Hoş Habary Chapter 23
  7. Mattanyň Hoş Habary Chapter 24
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *