Hoşeýa Chapter 13

For English

Read Hoşeýa Chapter 13 Online

Read Hoşeýa Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Hoşeýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Hoşeýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Hoşeýa 13

Bap 13

1. Efraýym geplände, adamlar titreşdi. Onuň Ysraýylda mertebesi beýgeldi. Ýöne Bagal butuna sežde etmekden günäli bolup öldi.

2. Indi günä üstüne günä edýärler. Kümüşden özlerine butlar edinýärler. Butlar hünärli ýasalýar. Hemmesi ussanyň işidir. Adamlara: «Gurbanlyk etsinler! Göleleri öpsünler» diýýärler.

3. Şonuň üçin olar säherki ümür ýaly, basym guraýan çyg ýaly, harmandan sowrulýan harpyk dek, tüýnükden çykýan tüsse ýaly boljaklar.

4. «Men Reb – seniň Hudaýyňdym. Seni Müsür topragyndan çykaran mahalymdan, Men Reb – seniň Hudaýyňdym. Menden başga hudaýy tanamaly dälsiň. Menden başga halasgär ýokdur!

5. Çölde, gurak toprakda saňa göz-gulak bolan Mendirin.

6. Meniň naharymdan, olar doýdular. Doýandan soň olar tekepbir boldular. Soň olar Meni unutdylar.

7. Şonuň üçin men olara arslan ýaly bolaryn. Gaplaň kimin ýoluň ýakasynda, bukuda garaşaryn.

8. Çagalaryndan aýrylan aýy ýaly topularyn, olaryň döşüni çekelärin. Ene arslan kimin olary iýip gutararyn. Wagşy haýwan ýaly olary parçalaryn.

9. Men seni ýok ederin, eý, Ysraýyl. Kim saňa kömek eder?

10. Seni halas eder ýaly, seniň patyşaň nirede? Sen: „Maňa patyşa hem hökümdar ber“ diýipdiň. Seniň şäherleriňdäki hökümdarlar nirede?

11. Men gaharly wagtymda saňa patyşa berdim. Gazabym joşanda bolsa aýyrdym.

12. Efraýymyň etmişleri baglandy. Günäleri saklanyp goýuldy.

13. Ol akylsyz oguldyr. Burgy azaby başlanda – wagty gelende, ol ýatgydan çykmaýar.

14. Men Ölüler dünýäsiniň gazabyndan gutarmaýynmy olary? Olary ölümden halas etmäýinmi? Eý, ölüm, hany seniň gyrgyn keseliň? Eý, Ölüler dünýäsi, hany seniň weýrançylygyň? Nazarymdan rehimi aýraryn.

15. Efraýym doganlarynyň arasynda barly-barjamly bolsa-da, Gündogardan epgek, çölden Rebbiň ýeli öwser. Onuň çeşmesi kesiler, guýysy gurap galar. Hazynasyndan şaý-sepleri talanar».

About Hoşeýa Chapter 13

Read Hoşeýa Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Hoşeýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Hoşeýa
Chapter: 13
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Hoşeýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Hoşeýa Chapter 13 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Hoşeýa Chapter 13?

Hoşeýa Chapter 13 is part of the Book of Hoşeýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Hoşeýa Chapter 13 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from hoşeýa

  1. Hoşeýa Chapter 1
  2. Hoşeýa Chapter 2
  3. Hoşeýa Chapter 8
  4. Hoşeýa Chapter 4
  5. Hoşeýa Chapter 12
  6. Hoşeýa Chapter 9
  7. Hoşeýa Chapter 7

Explore More from Köne Äht

  1. Ýeşuwa Chapter 19
  2. Sepanýa Chapter 3
  3. Lewiler kitaby Chapter 19
  4. 2 Şamuwel Chapter 17
  5. Müsürden çykyş Chapter 28
  6. Ezekiýel Chapter 33
  7. Gelip çykyş Chapter 27

Related Chapters & Readings

  1. Wagyz kitaby Chapter 10
  2. Işaýa Chapter 58
  3. Ezekiýel Chapter 29
  4. Eýýup Chapter 31
  5. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 6
  6. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 25
  7. Zebur Chapter 12
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *