Read Lukanyň Hoş Habary Chapter 16 Online
Read Lukanyň Hoş Habary Chapter 16 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Lukanyň Hoş Habary in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Lukanyň Hoş Habary and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Lukanyň Hoş Habary 16
Bap 16
1. Isa şägirtlerine ýüzlenip şeýle diýdi: «Bir baý adamyň iş dolandyryjysy bar eken. Oňa: „Iş dolandyryjyň seniň mal-mülküňi dargadýar" diýip şikaýat edýärler.
2. Baý ony ýanyna çagyryp: „Sen barada meniň bu eşidýänlerim näme! Iş dolandyryşyň babatda hasabat ber, çünki sen indi iş dolandyryjy bolup bilmeýärsiň" diýýär.
3. Iş dolandyryjy öz-özüne şeýle diýýär: „Näme ederkäm? Agam meniň işimi elimden alýar. Gazy gazmagy başarmaýaryn, dilenmäge utanýaryn.
4. Işimi elden beremde, halk meni öýüne kabul eder ýaly, näme etjegimi bilýärin".
5. Şeýlelikde, agasyna bergili adamlary ýekän-ýekän çagyryp, birinjisine: „Meniň agama näçe bergiň bar?" diýýär.
6. Ol: „Ýüz çanak zeýtun ýagy" diýýär. Oňa: „Borçnamaňy al, derrew otur-da, şony elli edip ýaz" diýýär.
7. Onsoň başga birine: „Seniň näçe bergiň bar?" diýýär. Ol hem: „Ýüz çanak bugdaý" diýip jogap berýär. Oňa-da: „Borçnamaňy al-da, şony segsen edip ýaz" diýýär.
8. Agasy bu hilegär iş dolandyryjyny paýhasly hereket edeni üçin öwýär. Çünki bu döwrüň ogullary öz nesline garşy hereket etmekde nur ogullaryndan paýhaslydyr.
9. Size aýdýaryn: mal-mülküňiz tükenende, olar sizi ebedi mesgenlere kabul eder ýaly, dünýäniň hileli baýlygy bilen dost gazanyň».
10. Az zatda ynamly bolan köp zatda hem ynamlydyr, az zatda hilegär bolan köp zatda hem hilegärdir.
11. Şeýlelikde, dünýäniň hileli baýlygynda ynamly bolmadyk bolsaňyz, çyn baýlygy size kim ynanar?
12. Kesekiniň maly barada ynamly bolmadyk bolsaňyz, özüňiziňkini size kim berer?
13. Hiç bir hyzmatkär iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Çünki ol ýa birini ýigrenip, ol birini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, ol birini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem mammona hyzmat edip bilmersiňiz».
14. Puly söýýän fariseýler bu sözleri eşidip, Isa güldüler.
15. Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, ýöne Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlar arasynda ýokary saýylýan zat Hudaý ýanynda ýigrenjidir.
16. Kanun we Pygamberler ýazgylary Ýahýanyň zamanyna çenli bildirildi. Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habary şondan bäri wagyz edilip gelinýär, her kim zor bilen oňa girýär.
17. Emma Gök bilen Ýeriň geçip gitmegi Mukaddes Kanundan ýekeje nokadyň gaçyp galmagyndan aňsatdyr.
18. Aýalyny aýryp, başga aýala öýlenen her kes zyna edýändir, ärinden aýrylan aýala öýlenen-de zyna edýändir».
19. Bir baý adam bar eken. Ol gyrmyzy we nepis keteniden tikilen eşikler geýnip, her gününi toý-meýlisde geçirer eken.
20. Onuň gapysynyň agzynda tutuş bedenini baş tutan Lazar atly bir gedaý ýatar eken.
21. Ol baýyň saçagyndan dökülen owuntyklary iýmegiň arzuwynda eken. Itler hem gelip, onuň başyny ýalar eken.
22. Gedaý ölende, perişdeler ony Ybraýymyň gujagyna äkidýärler. Soň baý hem ölüp, jaýlanýar.
23. Ol dowzahda gynalyp ýörkä, gabagyny galdyryp, uzakdan Ybraýymy, onuň gujagyndaky Lazary görýär.
24. Şonda gygyryp: „Eý, Ybraýym ata! Maňa rehim et, Lazary iber, barmagynyň başyny suw bilen ölläp, meniň dilimi sowatsyn. Çünki bu ýalynda azap çekýärin" diýýär.
25. Emma Ybraýym şeýle diýýär: „Eý ogul! Sen öz ýaşaýşyňda oňat zatlar alanyňy, Lazaryň bolsa erbet zatlar alanyny ýadyňa sal, indi ol bu ýerde rahatlyk görýär, sen azap çekýärsiň.
26. Mundan başga hem, bu ýerden siz tarapa geçjek bolýanlar, ol ýerden hem biz tarapa geçjek bolýanlar geçip bilmez ýaly, biz bilen siziň araňyzda uly uçut goýlupdyr".
27. Ol-da şeýle diýýär: „Eý ata! Haýyş edýärin, ony meniň atamyň öýüne iber.
28. Çünki meniň bäş doganym bar. Olar bu gynalýan ýere gelmez ýaly, Lazar baryp habar etsin".
29. Emma Ybraýym: „Olarda Musanyň, pygamberleriň ýazgylary bar, şolara gulak assynlar" diýýär.
30. Ol hem: „Ýok, eý Ybraýym ata! Olar diňe ölülerden biri ýanlaryna barsa, toba ederler" diýýär.
31. Ybraýym oňa şeýle diýýär: „Olar Musa hem pygamberlere gulak asmaýan bolsalar, onda ölülerden biri direlse-de, ynanmazlar"».
About Lukanyň Hoş Habary Chapter 16
Read Lukanyň Hoş Habary Chapter 16 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Lukanyň Hoş Habary in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Lukanyň Hoş Habary
Chapter: 16
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Lukanyň Hoş Habary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Lukanyň Hoş Habary Chapter 16 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Lukanyň Hoş Habary Chapter 16?
Lukanyň Hoş Habary Chapter 16 is part of the Book of Lukanyň Hoş Habary in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Lukanyň Hoş Habary Chapter 16 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from lukanyň-hoş-habary
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 1
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 21
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 13
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 22
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 15
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 5
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 24
Explore More from Täze Äht
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 12
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 3
- 1 Korintoslylara haty Chapter 10
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 5
- 1 Timoteosa haty Chapter 5
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 20
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 3