Ezra Chapter 6

For English

Read Ezra Chapter 6 Online

Read Ezra Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ezra in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ezra and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ezra 6

Bap 6

1. Onsoň Darýuş patyşanyň buýruk bermegi bilen Babyldaky hazynalaryň saklanýan şa arhiwlerinde barlag geçirildi.

2. Midiýa welaýatynda ýerleşýän Ekbatana galasyndan bolsa bir kagyz tapyldy. Onda şeýle ýazgy bardy: «Perman.

3. Kureş patyşa öz şalygynyň ilkinji ýylynda Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň täzeden gurluşygy barada şeýle buýruk berdi: „Bu öýde sadakalar we ýakma gurbanlyklar berilsin; öýüň beýikligi-de, ini-de altmyş tirsek bolsun.

4. Diwarlarynyň üç hatary ýonulan daşlardan we bir hatary agaçdan örülsin. Harç-harajadyň hemmesi şa hazynasyndan tölensin.

5. Şeýle hem Nebukadnesar tarapyndan Hudaýyň Iýerusalimdäki öýünden alnyp, Babyla getirilen altyndyr kümüş gaplar yzyna getirilip, ýene-de ybadathanada ýerli-ýerinde goýulsyn. Siz olary Hudaýyň öýünde goýmalysyňyz“»

6. Şeýdip, Darýuş patyşa şeýle habar ýollady: «Perat derýasynyň aňyrsyndaky welaýatyň hökümdary Tatenaý, Şetar Bozenaý hem-de ýaranlaryňyz bolan Perat derýasynyň aňyrsyndaky welaýatyň wekilleri, siz öýe golaýlaşmaň.

7. Hudaýyň öýüniň işine päsgel bermäň. Goý, ýewreýleriň häkimi we baştutanlary Hudaýyň bu öýüni öňki ýerinde täzeden gursunlar.

8. Munuň üstesine-de, men size ýewreýleriň baştutanlaryna Hudaýyň bu öýüniň gurulmagy üçin, näme kömek etmelidigiňiz barada perman çykarýaryn. Bu adamlaryň harjy dolulygyna we gijikdirilmän şa hazynasyndan Perat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň berýän salgydyndan tölensin.

9. Gökdäki Hudaýa ýakma gurbanlyklar bermek üçin öküzçeler, goçlar, guzular we başga-da näme zerur bolsa, bugdaý, duz, şerap, ýag gerek bolsa, Iýerusalimdäki ruhanylaryň isledigiçe her gün hökman berilsin.

10. Bu zatlar olara Gökdäki Hudaýy hoşal edäýjek gurbanlyklary berip, patyşanyň we onuň ogullarynyň janlarynyň saglygy üçin dileg etsinler.

11. Şeýle hem kim şu permana boýun egmese, onuň öýünden pürs sogrulyp, öý eýesini şoňa çişlemegi buýruk berýärin. Onuň öýi bolsa harabalyga öwrülsin.

12. Goý, Iýerusalimi özüne ybadat edilmeli ýer hökmünde saýlan Hudaý, bu permany üýtgetmäge we Hudaýyň bu öýüni ýykmaga synanyşan her bir patyşanydyr halky ýer bilen ýegsan etsin. Men – Darýuş patyşa buýruk berýärin: bu perman janypkeşlik bilen berjaý edilsin!»

13. Onsoň Darýuş patyşanyň iberen hatyna laýyklykda, Perat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimi Tatenaý, Şetar Bozenaý we olaryň ýaranlary Darýuş patyşanyň permanyny doly berjaý etdiler.

14. Şeýdip, Hagaý pygamber bilen Ydonyň ogly Zakarýanyň pygamberlik etmekleri arkaly, ýewreýleriň baştutanlary ybadathanany gurdular; olaryň işleri ilerledi. Olar Ysraýyl Hudaýynyň emri bilen, Pars patyşalary Kureşiň, Darýuşyň we Artakserksiň permany bilen bu binany gurup gutardylar.

15. Bu öý Adar aýynyň üçüne, Darýuşyň patyşalygynyň altynjy ýylynda gurlup gutaryldy.

16. Onsoň ysraýyl halky, ruhanylardyr lewiler we sürgünden gaýdyp gelen başgalar hem Hudaýyň bu öýüniň bagyşlanma dabarasyny uly şatlyk bilen bellediler.

17. Olar Hudaýyň öýüniň bagyşlanma dabarasynda bir ýüz öküzi, iki ýüz goçy, dört ýüz guzyny we Ysraýyl tireleriniň sanyna görä, bütin ysraýyl halky üçin günä gurbanlygy hökmünde on iki erkeji gurbanlyk berdiler.

18. Musanyň Kitabynda ýazylyşy ýaly, Iýerusalimde Hudaýa hyzmat etmekleri üçin olar ruhanylary we lewileri dürli toparlara böldüler.

19. Birinji aýyň on dördünji güni sürgünden gaýdyp gelenler Pesah baýramyny bellediler.

20. Ruhanylardyr lewiler özlerini tämizläpdiler; olaryň hemmesi tämizdi. Şonuň üçin lewiler ähli sürgünden gaýdyp gelenler, öz ruhany doganlary we özleri üçin Pesah gurbanlyk janlysyny soýdular.

21. Ysraýylyň sürgünden gaýdyp gelen halky, şeýle hem Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat etmek üçin şol ýerli halklaryň nejis işlerinden el çekip, ýahudalara goşulanlaryň bary ony iýdiler.

22. Onsoň olar ýedi günläp uly şatlyk bilen Petir baýramyny bellediler. Çünki Reb olara şatlyk berdi we Ysraýyl Hudaýynyň öýüni gurmaga ýahudalara ýardam bereri ýaly Aşur patyşasynyň kalbynda olara bolan rehim oýardy.

About Ezra Chapter 6

Read Ezra Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ezra in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ezra
Chapter: 6
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ezra. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ezra Chapter 6 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ezra Chapter 6?

Ezra Chapter 6 is part of the Book of Ezra in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ezra Chapter 0 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Ezra

  1. Ezra Chapter 10
  2. Ezra Chapter 1
  3. Ezra Chapter 4
  4. Ezra Chapter 10
  5. Ezra Chapter 1
  6. Ezra Chapter 3
  7. Ezra Chapter 1

Explore More from Köne Äht

  1. 1 Şamuwel Chapter 19
  2. Zebur Chapter 112
  3. Gelip çykyş Chapter 6
  4. Gelip çykyş Chapter 22
  5. Ezekiýel Chapter 20
  6. 1 patyşalar Chapter 7
  7. Çölde Chapter 32

Related Chapters & Readings

  1. Resullaryň Işleri Chapter 10
  2. Resullaryň Işleri Chapter 17
  3. Lewiler kitaby Chapter 26
  4. Zakarýa Chapter 13
  5. Petrusyň birinji haty Chapter 3
  6. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 9
  7. Gelip çykyş Chapter 45
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *