Read Amos Chapter 2 Online
Read Amos Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Amos in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Amos and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Amos 2
Bap 2
1. Reb şeýle diýýär: «Men Mowaby günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki ol Edom şasynyň süňküni ýakyp küle öwürdi.
2. Şu sebäpden Mowaba ot ýagdyraryn, ot Keriýodyň galalaryny ýakyp kül eder. Gygyryşmakdan we surnaý seslerinden ýaňa, Mowap halky söweş gykylygynyň içinde öler.
3. Aralaryndaky hökümdaryny ýok ederin, onuň bilen bile ähli emeldarlaryny öldürerin». Muny Reb aýdýandyr.
4. Reb şeýle diýýär: «Men Ýahudany günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki Rebbiň kanunyny ret etdiler, Onuň parzlaryny tutmadylar, ata-babalarynyň ýalan hudaýlaryň yzyna eýerişi ýaly indi bular-da olar bilen azdylar.
5. Şu sebäpden Ýahuda ot ýagdyraryn, ot Iýerusalimiň galalaryny ýakyp kül eder». Ysraýylyň höküm edilmegi
6. Reb şeýle diýýär: «Men Ysraýyly günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar dogruçyly kümşe, mätäji bir jübüt çaryga satýarlar.
7. Pukaralaryň başyny toprak astynda depgiläp, ezilenleri ýoldan itekläp aýyrýarlar. Ogly-da, atasy-da bir aýalyňka gidip, mukaddes adymy harlaýarlar.
8. Her gurbanlyk sypasynyň ýanynda girew alnan eşikleri ýazyp oturýarlar. Özleriniň Hudaýynyň öýünde jerime pula alnan şeraby içýärler.
9. Men bolsa Ysraýylyň öňünden amorlary ýok etdim. Boýlary kedr agajy deý uzyn, dub agajy kimin güýçli bolsa-da, olaryň ýokardan miwesini, aşakdan köküni gyrdym.
10. Şeýle-de amor ýurduny eýelemegiňiz üçin, Men sizi Müsürden çykardym, çölde kyrk ýyllap ýol görkezdim.
11. Ogullaryňyzdan pygamber çykardym, ýaş ýigitleriňizi nazyr belledim. Eý, ysraýyl halky, hakykatdan-da, bu şeýle dälmidir?!» Muny Men-Reb aýdýandyryn.
12. «Emma nazyr bolana şerap içirdiňiz, pygamberlere „Pygamberlik etmäň!“ diýip buýruk berdiňiz.
13. Şonuň üçin desseden ýükli araba topragy nähili owradýan bolsa, Men-de sizi duran ýeriňizde edil şonuň ýaly mynjyradaryn.
14. Ýüwrük adam gaçyp bilmez, güýçli güýç görkezip bilmez, batyr-da janyny halas edip bilmez.
15. Ýaýçy ornunda berk durup bilmez, ýüwrük aýakly gaçyp gutulyp bilmez, atly-da halas edip bilmez janyny.
16. Batyrlaryň iň batyry-da ol gün ýalaňaç gaçyp gider». Muny Reb aýdýandyr.
About Amos Chapter 2
Read Amos Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Amos in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Amos
Chapter: 2
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Amos. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Amos Chapter 2 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Amos Chapter 2?
Amos Chapter 2 is part of the Book of Amos in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Amos Chapter 2 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Amos
Explore More from Köne Äht
- Zakarýa Chapter 6
- Işaýa Chapter 35
- 2 patyşalar Chapter 15
- Gelip çykyş Chapter 42
- Gelip çykyş Chapter 15
- Ezekiýel Chapter 18
- Müsürden çykyş Chapter 9