Malaky Chapter 3

For English

Read Malaky Chapter 3 Online

Read Malaky Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Malaky in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Malaky and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Malaky 3

Bap 3

1. Hökmürowan Reb: «Öňümden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin. Siziň gözleýän Taňryňyz duýdansyz Öz ybadathanasyna geler. Siziň hoşal bolýan äht wekiliňiz, ine, gelýär» diýýär.

2. Emma äht wekiliniň geljek gününe kim çydap biler? Ol peýda bolanda, onuň öňünde kim durup biler? Çünki ol demri eredýän ot kimin, kir ýuwujynyň sabyny kimindir.

3. Ol kümşi eredip saplaýan ýaly oturyp, Lewiniň neslini saplar, olary altyn-kümüş kimin eredip tämizlär. Şonda olar sadakalaryny Rebbe dogrulyk bilen hödür ederler.

4. Onsoň öňki döwürde, geçen ýyllarda bolşy ýaly, Reb Ýahuda we Iýerusalim halkynyň sadakalaryndan hoşal bolar.

5. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.

6. Men Rebdirin, üýtgeýän däldirin. Şonuň üçin hem siz Ýakubyň nesli bolmakdan mahrum edilmediňiz.

7. Ata-babalaryňyzyň döwründen bäri siz Meniň parzlarymdan ýüz öwrüp, olary berjaý etmeýärsiňiz. Maňa tarap öwrüliň, Menem size tarap öwrülerin. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr». Emma siz: «Biz nädip öwrüleli?» diýýärsiňiz.

8. Heý, ynsan Hudaýyň hakyny iýermi? Siz Meniň hakymy iýdiňiz! Siz bolsa: «Biz nädip Seniň hakyňy iýdik?» diýýärsiňiz. Zekatlaryňyzda we sadakalaryňyzda iýdiňiz!

9. Siz näletlendiňiz, sebäbi siz Menden ogurlaýarsyňyz, bütin millet Menden ogurlaýar!

10. Öýümde azyk bolar ýaly, ondan biriňiziň baryny tutuşlygyna ammara getiriň. Meni munuň bilen synap görüň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Görüň, Men gögüň penjirelerini siziň üçin açyp, üstüňize dolup-daşýan bereket ýagdyrmarynmy?

11. Men siziň üçin topragyňyzdaky hasyly weýran etmegi çekirtgelere gadagan ederin. Meýdandaky üzüm agaçlaryňyz hasylsyz galmaz, Hökmürowan Reb diýýär.

12. Şonda ähli milletler size bagtly diýerler. Çünki ýurduňyz eşretli ýurt bolar, muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

13. Reb: «Maňa garşy bihaýa sözler aýtdyňyz» diýýär. Siz bolsa: «Biz Saňa garşy näme aýdypdyrys?» diýýärsiňiz.

14. Siz, ine, şeýle diýdiňiz: «Hudaýa gulluk etmek bidereklikdir. Hökmürowan Rebbiň buýrugyny berjaý etmekden we Onuň öňünde ýas tutup gezmekden biz näme peýda görýäris?

15. Indi tekepbirlere bagtly diýýäris. Erbetlik edýänleriň diňe bir işi rowaç alman, eýsem olar Hudaýy synap, jezadan gutulýarlar».

16. Onsoň Rebden gorkýanlar biri-birileri bilen gepleşdiler. Reb üns berip diňledi. Rebden gorkup, adyna hormat goýýanlar hakynda Onuň öňünde bir ýatlama kitaby ýazyldy.

17. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meniň bellän günüm olar Meniňki bolar. Olar Meniň gymmatly halkym bolar. Atasynyň özüne hyzmat eden ogluna haýpy gelşi ýaly, Meniň hem olara haýpym geler.

18. Şonda siz ýene bir gezek dogry bilen egriniň, Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görersiňiz».

About Malaky Chapter 3

Read Malaky Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Malaky in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Malaky
Chapter: 3
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Malaky. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Malaky Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Malaky Chapter 3?

Malaky Chapter 3 is part of the Book of Malaky in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Malaky Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Zebur Chapter 9
  6. Eýýup Chapter 5
  7. Zebur Chapter 50

Explore More from malaky

  1. Malaky Chapter 2
  2. Malaky Chapter 1
  3. Malaky Chapter 4

Related Chapters & Readings

  1. Kanun taglymaty Chapter 33
  2. 2 patyşalar Chapter 2
  3. Ýermeýa Chapter 27
  4. Zebur Chapter 19
  5. Ýahýa gelen ylham Chapter 9
  6. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 16
  7. Ezekiýel Chapter 34
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *