Titusa haty Chapter 1

For English

Read Titusa haty Chapter 1 Online

Read Titusa haty Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Titusa haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Titusa haty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

A+ A A-

Titusa haty 1

Bap 1

1. Hudaýyň saýlanlarynyň imanyna görä, Hudaý ýoluna ýaraşykly bolan hakykat bilimine görä Hudaýyň guly, Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan salam!

2. Meniň bu resullygym ýalan sözlemeýän Hudaýyň ezelden wada eden baky ýaşaýşynyň umydyna daýanýar.

3. Halasgärimiz Hudaýyň buýrugy boýunça maňa tabşyrylan wagyzda Hudaý Öz sözüni amatly wagtynda aýan etdi.

4. Ortak imanymyza görä, hakyky oglum Titusa Ata Hudaý, Halasgärimiz Mesih Isa merhemet hem rehim etsin, parahatlyk bersin!

5. Yza galan işleri düzeltmegiň, saňa buýruşym ýaly, her şäherde ýaşulular bellemegiň üçin, ine, şu sebäpden men seni Giritde goýup gaýtdym.

6. Kim müýnsüz, diňe bir aýalyň äri bolsa, iman eden, edepsizlikde aýyplanmadyk bolsa, terbiýeli çagalary bar bolsa, şony belle.

7. Çünki gözegçi, Hudaýyň öýüniň wekilidigi üçin, müýnsüz bolmalydyr. Başyna giden, gyzma, şeraba höwesjeň, uruşgan, haram gazanjyň yzynda ylgap ýörmän,

8. eýsem, myhmansöýer, ýagşylyk söýer, sagdyn düşünjeli, adalatly, takwa we nebsine buýrup bilýän kişi bolmalydyr.

9. Hem beýlekilere sagdyn taglymat bilen öwüt-ündew berip hem-de garşy çykanlary dymdyrar ýaly, öwredilişi ýaly, ynamly söze ýapyşmalydyr.

10. Çünki pitneçi, ýaňra we aldawçy köp adamlar bardyr. Ylaýta-da, sünnetlilikden bolanlar bulardandyr.

11. Olaryň agzyny baglamak gerek. Olar haksyz gazanç üçin, öwredilmesiz zatlary öwredip, öýleri bütinleý ýykýarlar.

12. Aralaryndan biri, olaryň öz pygamberleriniň biri: «Giritliler hemişe ýalançy, ýaman haýwan, ýalta hajymelikdir» diýipdir.

13. Bu güwälik hakdyr. Şol sebäpli ýehudy ertekilerine, hakykatdan azaşan adamlaryň buýruklaryna gulak asma,

14. gaýtam, imanda sagdyn bolmaklary üçin olara berk käýe.

15. Çünki tämiz ýürekliler üçin bar zat tämizdir. Ýöne ýüregi çirkliler, iman getirmedikler üçin hiç zat tämiz däldir, olaryň aň-düşünjeleri, ynsaplary-da çirklenendir.

16. Olar Hudaýy tanaýandyklaryny sözläp, edýän işleri bilen Ony inkär edýär. Olar ýigrenji, söze gulak asmaz bolup, hiç bir oňat işe ýararly däldir.

About Titusa haty Chapter 1

Read Titusa haty Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Titusa haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Titusa haty
Chapter: 1
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Titusa haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Titusa haty Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Titusa haty Chapter 1?

Titusa haty Chapter 1 is part of the Book of Titusa haty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Titusa haty Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Täze Äht

  1. 2 Korintoslylara haty Chapter 2
  2. 2 Korintoslylara haty Chapter 3
  3. 2 Korintoslylara haty Chapter 6
  4. 2 Korintoslylara haty Chapter 5
  5. 2 Korintoslylara haty Chapter 4
  6. 2 Korintoslylara haty Chapter 10
  7. 2 Korintoslylara haty Chapter 9

Explore More from Titusa Haty

  1. Titusa haty Chapter 2
  2. Titusa haty Chapter 3

Related Chapters & Readings

  1. Markusyň Hoş Habary Chapter 1
  2. Süleýmanyň pähimleri Chapter 25
  3. 2 patyşalar Chapter 5
  4. Zebur Chapter 20
  5. Ýahýanyň birinji haty Chapter 3
  6. Mattanyň Hoş Habary Chapter 22
  7. Mattanyň Hoş Habary Chapter 5
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *