Read Nagmalar nagmasy Chapter 2 Online
Read Nagmalar nagmasy Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Nagmalar nagmasy in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Nagmalar nagmasy and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Nagmalar nagmasy 2
Bap 2
1. Men Şaronyň bägüli, dereleriň çigildemdirin.
2. Tiken arasyndaky çigildemdir dildarym, gyzlar içinde.
3. Jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajy deý, ýigitleriň arasynda söýgüli ýarym. Lezzetlidir maňa saýasy onuň, miwesiniň tagamy agzymdan gitmez.
4. Ol meni meýlishana getirdi, maňa söýgi meýli bardy onda.
5. Kişmişler bilen meni güýçlendir, gurplandyr almalar bilen, çünki yşk heseri meni gaplady.
6. Sol eli kellämiň astynda, gujaklaýar meni sag eli bilen.
7. Eý, Iýerusalim gyzlary, jerenlerdir çöl marallaryndan ant içýärin: özi isleýänçä yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň! Bahar aýdymy
8. Ýarymyň owazydyr bu! Ine, ol daglaryň üstünde bökjekläp, depeleriň üstünde towsaklap gelýär.
9. Jerene, keýik owlagyna meňzeýär dildarym. Ine, ol howlymyzyň daşynda durup, penjirelerden garaýar, gözeneklerden seredýär.
10. Söýgülim maňa şeýle diýdi: «Tur, dildarym, gözelim tur, ýör gideli bile.
11. Gyş ötdi, ýagyş diňdi.
12. Ýerde güller açylyp, nagma pursaty gelip, ülkämizde gumrynyň owazy eşidilýär.
13. Injir miwesini düwýär, üzümler gül açýar, hoşboý ysyny saçýar. Tur, dildarym, gözelim, bile gideli ýör».
14. Gaýa gowaklaryndaky, uçut kenardaky gögerçinim, jemalyň göreýin, eşideýin owazyň, şirin owazyň, jemalyň-da ajaýypdyr.
15. Bize tilkileri, üzüm baglaryny weýran edýän tilkijikleri tutup beriň, çünki üzüm baglarymyz gül açýar.
16. Söýgülim meniňki, men-de onuňkydyryn; sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol.
17. Daň atyp, kölegeler ýitýänçä, dolan yzyňa, söýgülim, Beser daglaryndaky jeren deý, keýik owlagy deý bol!
About Nagmalar nagmasy Chapter 2
Read Nagmalar nagmasy Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Nagmalar nagmasy in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Nagmalar nagmasy
Chapter: 2
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Nagmalar nagmasy. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Nagmalar nagmasy Chapter 2 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Nagmalar nagmasy Chapter 2?
Nagmalar nagmasy Chapter 2 is part of the Book of Nagmalar nagmasy in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Nagmalar nagmasy Chapter 2 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Zebur Chapter 9
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 74
Explore More from nagmalar-nagmasy
- Nagmalar nagmasy Chapter 7
- Nagmalar nagmasy Chapter 1
- Nagmalar nagmasy Chapter 6
- Nagmalar nagmasy Chapter 4
- Nagmalar nagmasy Chapter 5
- Nagmalar nagmasy Chapter 3
- Nagmalar nagmasy Chapter 8